Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

16 Iýun 2021
860

GARAŞSYZLYGYŇ BAGTY

Ýurdumyzyň her bir güni bimöçber rowaçlyklara beslenip, döwletimiziň ykbal sahypasyna, döwür depderine altyn harplar bilen ýazylýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň her güni bize ýazmaga, döretmäge täze tema, özboluşly joşgun eçilip dur. Üstümizdäki ýylymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna, gözel Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk dabaralaryna beslenip gelmegi, şeýle-de parasatly Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek hakynda gol çeken Karary, beren tabşyryklary halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.

Annatuwak KAKAÝEWA,
Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.