Döredijilik gözlegleri

16 Iýun 2021
882

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halkymyza beren eşretli durmuşyny wasp edýän täze kino eserleri yzygiderli surata düşürilip, tomaşaçylara hödürlenýär. Dürli wakalary, dürli döwürleri öz içine alýan bu filmlerde ýaş zehinleriň täzeçe pikirlenişi, döredijilik gözlegleri aýdyň duýulýar.

Arslan Eýeberdiýew bu döwürde özüniň «Mähekdaş», «Jadyly hasa», «Ýatdan çykmajak pursatlar» ýaly filmleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolmagy başaran ýaş kinorežissýorlaryň biridir. Onuň filmiň edebi esasyny döretmekde, artistler bilen işlemekde we beýleki ugurlarda döredijilik ukyby bar. Bu şol filmlerde režissýoryň wakany, gahrymany özüçe görmek, özboluşly çemeleşmek başarnygy görünýär.

Toýgeldi ALLAÝAROW,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmleriň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygy.