YSSYDYR SOWUGA DURNUKLY KEÇÄM, GÜLLERI GÖRMEKLI, GÖRNÜKLI KEÇÄM

17 Iýun 2021
983

Halk çeper döredijiliginiň dikeldilmeginiň, aýalyp saklanylmagynyň, ösdürilmeginiň we goldanylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynda halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde kesgitlenilen keçe — halkymyzyň milli senedi hasaplanylýar. Ene-mamalarymyz tarapyndan gülli keçe, atkeçe, basyryk, durluk, çopankeçe, gobzy, goşma, içirgi, oýluk, serkeç, serpik, üzük, ýalňy ýaly öý hojalyk üçin ulanylýan keçe önümleri döredilipdir. Keçe etmek işi halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeleýär. Keçe etmegiň müňýyllyk taryhy türkmenlerde bu sungatyň kämil derejä ýetmegine getirdi. Keçe halkyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol adamlary sowuk ýellerden, ýagyş-gardan, Gün şöhlesinden, çygdan goraýar. Gadymy döwürlerde ene-mamalarymyz keçeleri dürli maksatlar üçin taýýarlapdyrlar. Boz keçeler gara, mele, çal ýüňlerden taýýarlanylyp, olara nagyş salynmandyr. Şeýle keçeleri ak öýleriň üstüni örtmek üçin ulanypdyrlar. Uçar ganata deňelen, ýelden ýüwrük bedewlerimiz üçin taýýarlanylýan atkeçeler ak ýüňden, nagyşsyz edilipdir. Çopanlaryň sowukdan goranmak üçin ulanýan ýapynjalary — oýluklary hem keçeden edilipdir.

Keçe — güllenilip ýa-da güllenilmän, ýüňden ýörite usul bilen taýýarlanylýan düşek bolup, diňe bir üstünde oturmaga rahatlygy bilen tapawutlanman, köp dertleri dep edýändigi bilen hem bellidir. Elmydama keçäniň üstünde oturýan adamlarda guragyry derdiniň aňsat-aňsat duş gelmeýändigini ýaşuly adamlar gürrüň berýärler. Köwüşlerine keçeden petek edip geýýän adamlaryň bolsa aýak agyrylary azalyp, agyry-dertler olardan kem-kemden daşlaşarmyş.

Gülälek MERETMYRADOWA
«Adalat».