"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Demokratik gymmatlyklara ygrarlylyk

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet we dolandyryş düzümleri kemala geldi. Munuň özi agzybirligi, adalatlylygy ýörelge edilip geçilen ýoluň miweleridir. Munuň aýdyň alamatlarynyň biri-de her bir işe il-ulus bilen maslahatlaşylyp başlanylmagydyr. 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar hem Garaşsyz Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlylygynyň nobatdaky görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky: «Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamyň saglygy hem-de abadançylygy diýlip kesgitlenendir. Şonuň üçin ýurdumyzyň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup döwletimiz durandyr, halkymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilendir, adamlaryň her biri şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga hem haklydyr, hem hukuklydyr» diýen sözleriniň durmuşy mysalyny ýurdumyzda dürli derejelerdäki saýlawlaryň geçirilişiniň mysalynda hem görüp bolýar. Çünki ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlar döwlet gu

Güller Saňa, reýhan Saňa, Arkadag!

Günler gözelligini, hoşamaýlygyny, hoşniýetliligini mähriban Arkadagymyzyň dünýäsinden alýandyr. Oňa sähelçe zynatym ýetse, meňziniň bir ýylgyrmasyna sebäp bolan setirlerim dörän bolsa bagtlydyryn. Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň her pursaty, güni, sagady gymmatdyr bize. Sebäbi ol il-gün, ynsanlar, biziň her birimiz hakyndaky üznüksiz aladalara ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy hut şu döwre — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eşretli eýýamyna garaşandyr, ony şygyrlarynda arzuwlandyr. Wysalyny görendigimiz üçinem bagtlydyrys.

Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip geçirildi. * * *

Topraga yhlas — berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär. Şu günler hem ekin meýdanlarymyzda galla oragy barha gyzyşýar. Edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem topraga siňdirilýän umumy yhlasyň guwandyryjy netijeleridir. Ata-babalarymyz topraga, hasyla hormat bilen garamalydygyny terbiýe mekdebiniň bir sapagy hökmünde durmuşymyza ornaşdyrypdyrlar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Bu aýdylanlar halkymyzyň ak bugdaý, umuman, hasyl, zähmet bilen baglanyşyklylykda ýerine ýetirilýän işleriň ählisine başdan-aýak uly yhlas bilen çemeleşendiklerini, ol zatlaryň aňyrsynda-da agzybirlik atly güýjüň durandygyny görkezýär.

Halyçylaryň toý sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary G.Çakanowa, O.Begliýewa, A.Akmämmedowa, O.Geldimyradowa, B.Gylyjowa, A.Hommyýewa dagy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň haly portretini dokadylar. Suratkeş Amanmyrat Gulberdiýewiň ýörite taýýarlan çyzgysy esasynda dokalan halynyň boýy 1.65 metr, ini 1.30 metr bolup, umumy meýdany 2.15 inedördül metre deňdir. 180-den gowrak dürli reňkli ýüplükler ulanylan, erşi tirjinden, argajy bükdürilen ýüpek, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen halynyň 1 inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, jemi hala 860 müň çitim siňdirilendir. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeligine, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe özboluşly sowgat bolan halynyň merkezinde türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi we bahar paslynda gül-gülzarlyga beslenen dag tebigatynyň gözelligi utgaşdyrylyp görkezilýär. Ýeke argaçly ýara çitimli usulda dokalan täze halynyň gyrasyny gadymy «üzülmez», «alaja», «ýaşyl goçak», «gölçe» ýaly nagyşlar gurşaýar.

«Watana söýgüde belent bagtyňyz»

Jemal SAPAROWA,Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi:

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, hormatly Prezidentimiz!

Maksat BUGRAÝEW,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy: — Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Sanly innowasiýanyň ösen döwrüni nazara alyp, «Magtymgulynyň dünýäsi» atly oýlap tapan ykjam mobil goşundym (programma), «Magtymgulynyň dünýäsi» atly halynyň şekil taslamasyny ýerine ýetirmegim, şeýle-de «Türkmenistan» teleýaýlymynda üç dilde çykyş etmegim meni bu bäsleşikde arzyly ýeňşe ýetirdi. «Magtymgulynyň dünýäsi» atly ykjam mobil goşundymy ýükläp alan adam akyldar şahyryň goşgularyny diňe bir okap däl-de, eýsem, türkmen, rus we iňlis dillerinde diňläp hem bilýär.

Şygryýet

Arkadag Halk üçin bitirýän ägirt işleri Buýsandyrýar, ykballara şan berýär. Parahatlyk, ynanyşmak ýollary Giň älemde makullanýar, oňlanýar.

Ylham akabasy

Bu gözel mekana gadam basan badyma, ynsan duýgularynyň güýji barada okan setirlerim ýadyma düşdi. Munuň başgaça boljak gümany-da ýok. Sebäbi şu mekanda ynsanlaryň kalbyndaky belent duýgular töweregiň gözelligine ses goşýar. Bu ýerde bir gezejik bolup görenler gürrüňimiň Arkadag şäheri barada barýanyny derhal aňlandyrlar. Aňlaýyşlary ýaly-da, her bir ädimi ertekini, arzuwlaryň hasyla durmagyndan dörän gudraty ýatladýan şäheriň täsirlerine dulanandyrlar. Ajaýyp eserler ynsanlaryň kalbyna bir pursat gonak bolan ylham atly ganatly duýgularyň miwesi. Olaryň her biriniň — ajaýyp surat eseriniň, goşgynyň, kyssanyň, aýdymyň, sazyň... döreýşinem gudrata deňäp bolar. Ýok ýerden şeýle ajaýyplygyň döremeginde asman bilen baglanyşygy görmek kyn däl. Dünýäniň çar künjündäki, ady dillerde dessan bolan, asyrlardan-asyrlara ýaşap gelýän gözel binalaryň birini göz öňüne getirip göräýiň. Olary gudratdan başga nämä deňäp bolar?!

Hakyň serpaýy (Hekaýa)

Indi üç günüň içidir, dört atlynyň şol ümzügini öňe tutup, ýol söküp barşydy. Adamlar argyn ýaly görünse-de, bahar pasly bolansoň, göwünleri joşgunlydy. Öňde aňyrsyna-bärsine gözýetmez sähralyk başlandy. Daş-töweregi synladygyňça, synlasyň gelýärdi, gözellikler nepesiňi durlaýardy. Atlylar Beňňiwan diýlip atlandyrylýan beýik depäniň eteginde saklanyp, az-kem dem-dynç alyp, ýene ýola rowana boldular. Magtymgulynyň her düşelgede dünýä, ylym-bilim baradaky çuň pelsepeli söhbetleri, okaýan goşgulary ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly edýärdi. Sähranyň gyzyl köz ýaly gülälekleri pessaý şemalyň badyna ikibaka yranyp: «Bizi synlaň!» diýýän ýalydy. Bu görnüşe kalby joşan iki ýetginjek — Aran bilen Esenaly yz çaljak bahanasy bilen şahyrdan ejaza alyp, öňe okdurylyp gitdiler. Aradan çaý içer salym geçip-geçmänkä-de, yzyna dolanyp geldiler. Atlarynyň yzyndaky bökderilgi horjunlarynyň gäbe görünmeginden, ýigitleriň wagtyhoşlugyndan awlarynyň şowly bolandygyny soraman biläýmelidi. Esli wagtdan Dehistanyň belent minaralary Gün nuruna öwşün atyp göründi. Bu ajaýyp görnüşe kalby joşan Magtymguly özüne mahsus owazy bilen ýuwaşja hiňlenip başlady: Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem.Bahawetdin, Mirkülal, Zeňňi Babany görsem.

Türk­meniň, dünýäniň buý­san­jy

(Ýazyjy Osman Ödäýewiň Magtymguly barada aýdanlaryndan) Magtymguly — türkmen halkynyň wyždany! Bu asyl-ha ulaltma däl! Magtymguly tutuş Gündogaryň, tutuş eýýamyň wyždanydyr.

Egsilmejek çeşme

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy nesli, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşan Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary hem-de Magtymgulynyň ýedinji nesilleri Gara işandyr Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde-de dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi. Halk arasynda ýaşap gelen rowaýat häsiýetli bu maglumatlary Gara işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pyragy alymyň dünýäsinde

Ata-babalarymyz: «Köp zady bilmek düýpli zady öwrenmekdir» diýýär. Munuň şeýledigini belli alym zenan Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynda beýan edilen beýik akyldar hakyndaky ylmy seljermeleriniň çuňňur we hertaraplaýynlygy-da aýdyň subut edýär. Kitapda akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň esasynda halklaryň milli edebiýatynyň gadymydygy we dowamlydygy, edebi-taryhy şahsyýetleriň bolsa çuňňur ylymly aryflardygy edebiýat nukdaýnazarynyň ykraryýetinde açylyp görkezilýär.

Şygyrlary şekerli Şirazy

Magtymguly Pyragynyň dünýäsine nazar aýlanyňda, ussadyň Firdöwsi, Jamy, Sagdy, Hawyz Şirazy ýaly ägirtlere çuňňur hormat goýandygyny görmek bolýar. Bu günki gün «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň hatarynda Hafyz Şirazynyň hem heýkeli oturdyldy. Pars edebiýatynyň meşhur wekilleriniň biri Şemseddin Muhammet ibn Bahaweddin Hafyz Şirazy 1325-nji ýylda Şirazda dünýä inýär. Ussadyň ömri baradaky maglumatlar, aglaba halk arasyndaky rowaýatlara esaslanýar. Kakasy ir ýogalyp, maşgala ekleýjisiz galsa-da, kyn güzerana garamazdan, ol bilimleriň dünýäsinden daşlaşmaýar. Sekiz ýaşyndaka Gurhany-kerimi ýat beklän Şemseddin «hafyz» tahallusyny alýar. Attar, Nyzamy, Rumy, Sagdy ýaly ägirtleriň döredijiligi bolsa onuň ýolgörkezijisine öwrülýär. Onuň soňraky şygyrlary käbir babatda Omar Haýýamdyr Jelaleddin Rumynyňky bilen bir hörpden gopsa-da, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Attaryň okuwçysy bolmagy onuň ylym dünýäsine aralaşmagyna badalga berýär. Filosofiýa, sopuçylyk ylmynyň jümmüşine aralaşdygyça, şygryýet ony özüne has imrindirýär. Onuň şygyrlaryny okan adam göýä gözellikden doly tebigata seýran eden ýaly ýakymly duýgyny başdan geçirýär. Munuň özi şahyryň kalbynyň dünýä bolan söýgüden pürepürligi bilen baglanyşyklydyr. «Şekerleb» lakamy hem oňa goşgularynyň şirinligi sebäpli berlipdir.

Lezzet (Tymsal)

Maňa bu tymsaly çagakam garry atam gürrüň beripdi. Akyldar Pyragynyň öz halypasy saýan ussatlarynyň biri Omar Haýýam Balhda medresede okap ýören döwürleri şeýleräk bir waka bolýar. Onuň diňe bilim bilen meşgul bolup, töwerek-daşyna üns bermän, hemişe bir zatlaryň gözleginde bolup ýörmegi deň-duş talyplarynyň käbirinde göriplik duýgusyny döredipdir. Sebäbi Haýýam beýlekilerden barha öňe saýlanypdyr. Bir günem olar halypalaryna bildirmän, Omar Haýýamyň ýanyna baryp: «Ussadymyz saňa aýratyn tabşyryklar, artykmaç üns berýär, ýogsam şeýle üstünlik gazanmak üçin nämeleri okamalydygyny nireden biljek?» diýip, pikirlerini mälim edipdirler. Omar Haýýam olara jogap bermäge derek, tekjesindäki kitaplara ümläpdir-de: «Alyň, sizem okaberiň şulardan» diýipdir. Oglanlaryň hersi eline bir kitap alyp, Haýýamyň ýanyndan gitselerem, birnäçe günden ýene-de şol gürrüňe dolanýarlar: «Sen bize kitabyň haýsy ýerini okamalydygyny salgy bermediň-ä» diýip, oglanlaryň biri hüňürdeýär. Olaryň halys goýmajagyna gözi ýeten Haýýam ýylgyrýar-da, elindäki kitabyny bir gyra goýup, gürrüňe başlaýar: «Gök öwsüp oturan giň meýdanda sygyr bilen geçi otlap ýörmüşin. Äwmezlik bilen gäwüşäp ýören sygryň gözi geçidemişin. Geçi her bir oty, güljagazy gözlerini süzüp, şeýle bir lezzet bilen çeýneýärmişin welin, sygryň göriplikden ýaňa iýeni içine gitmeýän ýalymyşyn. Ol: «Onuň tarapyndaky otlar şeýle üýtgeşikmikä? Menem h

Günden goranalyň!

Gün urma Gün şöhlesiniň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Beýniniň aşa gyzmagy sebäpli, onuň gan damarlary giňäp, uly bolmadyk ganinmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär. Günüň aşagynda gezmek, fiziki zähmet bilen meşgullanmak, pasla görä geýinmezlik, ýokary gyzgynlykda kadaly iýmitlenmegiň bozulmagy Gün urmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Zehini zereň ýaşlar

26-njy iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin» diýen sözleri döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň göwün bossanyny gülletdi. Ýeňijileriň arasynda Maksat Bugraýew, Toýly Muhammetdurdyýew, Gurbansähet Gurbansehedow, Nury Sakçyýew, Annadurdy Täşliýew, Rahymberdi Annagulyýew, Aýnabat Myradowa ýaly tanalýan ýüzleriň bolmagy türkmen edebiýatynyň we sungatynyň öňküden-de galkynýandygyndan nyşandyr.

Medeniýet halkyň mertebesidir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilýändigi bolsa busanjymyza buýsanç goşýar.

Pyragy milli sungatymyzda

20-nji iýunda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi jaýynda birleşik tarapyndan yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik sergisi açyldy. Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary öz işleri bilen gatnaşdylar.

Topragy altyna öwrenler

Asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däpleriniň dowam etdirilmegi, ýaş nesilleriň halal zähmetiň ruhunda terbiýelenmegi halkyň rysgal-berekedinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşmagy, daýhanlaryň armasyny ýetirmegi ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelere hormatyň beýanyna öwrüldi.