Şygyrlary şekerli Şirazy

27 Iýun 2024
621

Magtymguly Pyragynyň dünýäsine nazar aýlanyňda, ussadyň Firdöwsi, Jamy, Sagdy, Hawyz Şirazy ýaly ägirtlere çuňňur hormat goýandygyny görmek bolýar. Bu günki gün «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň hatarynda Hafyz Şirazynyň hem heýkeli oturdyldy.

Pars edebiýatynyň meşhur wekilleriniň biri Şemseddin Muhammet ibn Bahaweddin Hafyz Şirazy 1325-nji ýylda Şirazda dünýä inýär. Ussadyň ömri baradaky maglumatlar, aglaba halk arasyndaky rowaýatlara esaslanýar. Kakasy ir ýogalyp, maşgala ekleýjisiz galsa-da, kyn güzerana garamazdan, ol bilimleriň dünýäsinden daşlaşmaýar. Sekiz ýaşyndaka Gurhany-kerimi ýat beklän Şemseddin «hafyz» tahallusyny alýar. Attar, Nyzamy, Rumy, Sagdy ýaly ägirtleriň döredijiligi bolsa onuň ýolgörkezijisine öwrülýär. Onuň soňraky şygyrlary käbir babatda Omar Haýýamdyr Jelaleddin Rumynyňky bilen bir hörpden gopsa-da, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Attaryň okuwçysy bolmagy onuň ylym dünýäsine aralaşmagyna badalga berýär. Filosofiýa, sopuçylyk ylmynyň jümmüşine aralaşdygyça, şygryýet ony özüne has imrindirýär. Onuň şygyrlaryny okan adam göýä gözellikden doly tebigata seýran eden ýaly ýakymly duýgyny başdan geçirýär. Munuň özi şahyryň kalbynyň dünýä bolan söýgüden pürepürligi bilen baglanyşyklydyr. «Şekerleb» lakamy hem oňa goşgularynyň şirinligi sebäpli berlipdir.

Taýýarlan Jennet HATAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň müdiri.