Egsilmejek çeşme

27 Iýun 2024
100

Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň altynjy nesli, Eýran Yslam Respublikasynda ýaşan Ata işan Muhammedi Annagurban ahun, onuň ogullary hem-de Magtymgulynyň ýedinji nesilleri Gara işandyr Aba işan Nazarmämmet Muhammedi bilen söhbetdeş bolup, beýik akyldaryň ömri-döredijiligine degişli maglumatlary toplamak bize miýesser etdi. Bu işlerimiz häzirki günlerde-de dowam edýär.

Ýaňy-ýakynda Aba işan bize agasy Gara işanyň ömrüniň 35 ýylyny sarp edip, halk arasyndan Magtymguly Pyragy hakda toplan maglumatlarynyň käbirini gürrüň berdi. Halk arasynda ýaşap gelen rowaýat häsiýetli bu maglumatlary Gara işanyň dili bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.