Ata-babalarymyz: «Köp zady bilmek düýpli zady öwrenmekdir» diýýär. Munuň şeýledigini belli alym zenan Gurbanjemal Ylýasowanyň ýakynda «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi» atly kitabynda beýan edilen beýik akyldar hakyndaky ylmy seljermeleriniň çuňňur we hertaraplaýynlygy-da aýdyň subut edýär.
Kitapda akademik Baýmuhammet Garryýewiň Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ýazan ylmy işleriniň esasynda halklaryň milli edebiýatynyň gadymydygy we dowamlydygy, edebi-taryhy şahsyýetleriň bolsa çuňňur ylymly aryflardygy edebiýat nukdaýnazarynyň ykraryýetinde açylyp görkezilýär.