Medeniýet halkyň mertebesidir

22 Iýun 2024
221

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilýändigi bolsa busanjymyza buýsanç goşýar.

Hojamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarlar web-portal bölüminiň müdiri.