Lezzet (Tymsal)

27 Iýun 2024
71

Maňa bu tymsaly çagakam garry atam gürrüň beripdi. Akyldar Pyragynyň öz halypasy saýan ussatlarynyň biri Omar Haýýam Balhda medresede okap ýören döwürleri şeýleräk bir waka bolýar. Onuň diňe bilim bilen meşgul bolup, töwerek-daşyna üns bermän, hemişe bir zatlaryň gözleginde bolup ýörmegi deň-duş talyplarynyň käbirinde göriplik duýgusyny döredipdir. Sebäbi Haýýam beýlekilerden barha öňe saýlanypdyr. Bir günem olar halypalaryna bildirmän, Omar Haýýamyň ýanyna baryp: «Ussadymyz saňa aýratyn tabşyryklar, artykmaç üns berýär, ýogsam şeýle üstünlik gazanmak üçin nämeleri okamalydygyny nireden biljek?» diýip, pikirlerini mälim edipdirler. Omar Haýýam olara jogap bermäge derek, tekjesindäki kitaplara ümläpdir-de: «Alyň, sizem okaberiň şulardan» diýipdir.

Oglanlaryň hersi eline bir kitap alyp, Haýýamyň ýanyndan gitselerem, birnäçe günden ýene-de şol gürrüňe dolanýarlar: «Sen bize kitabyň haýsy ýerini okamalydygyny salgy bermediň-ä» diýip, oglanlaryň biri hüňürdeýär. Olaryň halys goýmajagyna gözi ýeten Haýýam ýylgyrýar-da, elindäki kitabyny bir gyra goýup, gürrüňe başlaýar: «Gök öwsüp oturan giň meýdanda sygyr bilen geçi otlap ýörmüşin. Äwmezlik bilen gäwüşäp ýören sygryň gözi geçidemişin. Geçi her bir oty, güljagazy gözlerini süzüp, şeýle bir lezzet bilen çeýneýärmişin welin, sygryň göriplikden ýaňa iýeni içine gitmeýän ýalymyşyn. Ol: «Onuň tarapyndaky otlar şeýle üýtgeşikmikä? Menem hojaýyn şol ýerde daňyp gidäýmel-ä» diýip, uzakly güni içini hümledip geçirýär. Öýlänler hojaýynlary gelip, öýüne alyp gitmek üçin geçidir sygry gazykdan boşadýar. Geçi ýüpden boşandan howla tarap haýdap ugraýar. Sygyr welin pursatdan peýdalanyp, baryp, geçiniň uzakly gün duran ýeriniň otundan dadyp görýär. Ýöne her ýerden-her ýerden dadyp görse-de, tapawut bilmeýär.

Täçnabat IGDIROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.