Ylham akabasy

27 Iýun 2024
91

Bu gözel mekana gadam basan badyma, ynsan duýgularynyň güýji barada okan setirlerim ýadyma düşdi. Munuň başgaça boljak gümany-da ýok. Sebäbi şu mekanda ynsanlaryň kalbyndaky belent duýgular töweregiň gözelligine ses goşýar. Bu ýerde bir gezejik bolup görenler gürrüňimiň Arkadag şäheri barada barýanyny derhal aňlandyrlar. Aňlaýyşlary ýaly-da, her bir ädimi ertekini, arzuwlaryň hasyla durmagyndan dörän gudraty ýatladýan şäheriň täsirlerine dulanandyrlar.

Ajaýyp eserler ynsanlaryň kalbyna bir pursat gonak bolan ylham atly ganatly duýgularyň miwesi. Olaryň her biriniň — ajaýyp surat eseriniň, goşgynyň, kyssanyň, aýdymyň, sazyň... döreýşinem gudrata deňäp bolar. Ýok ýerden şeýle ajaýyplygyň döremeginde asman bilen baglanyşygy görmek kyn däl. Dünýäniň çar künjündäki, ady dillerde dessan bolan, asyrlardan-asyrlara ýaşap gelýän gözel binalaryň birini göz öňüne getirip göräýiň. Olary gudratdan başga nämä deňäp bolar?!

Bahar AÝDOGDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.