"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sport – sagdynlygyň girewi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu hakda söz açyp: «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip parasatly belleýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersleriniň okadylmagynyň döwrebap derejede ýola goýulmagy, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli şertleriň döredilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, olaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan isleglerini ösdürmekde, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlaryny we bäsleşiklerini geçirmegiň tejribesini ornaşdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Sport äleminiň baýdagy

2021-nji ýyl. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly. Eýýäm deň-ýaryndan gowragy yzda galan ýyly ýene-de telim-telim ýyllardan soň nähili ýakym bilen ýatlarys? Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň çägindäki dabaralaryň özi bir uly ýatlama ahyry! Ýöne baryp birmahal 2021-nji ýyl ýatlanylmaly bolsa, sport janköýerleri Olimpiýa oýunlarynda gazanan ilkinji medalymyzy hem uly ýakym bilen ýatlarlar. Özi hem bary-ýogy 21 ýaşly türgen gyzyň ady bilen baglanyşykly! Elimizi ýüregimiziň üstüne goýup bir hakykaty aýtmak gerek: şu ýyl ýurdumyzda agyr atletikanyň, onda-da zenan agyr atletikaçylarymyzyň ýyly boldy. Diňe dünýäniň çempiony Ýulduz Jumabaýewa bilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewanyň dakynan medallarynyň özi hem tutuş ýylyň sport wakalaryna aýratyn şan bagyşlap biler.

Iki daşyň arasy

Il-günüň saňa juda göwni ýetip, pisindi oturanda diýýänlerini bir diňlesene: «Pylany iki daşyň arasynda galsa-da hor bolmaz» ýa-da: «Pylanyny daşa daňsaňam gününi görer» diýer. Birbada gulaga gödeňsiräk, zoňtarrak, mortarak degýän suratlandyrma aň elegine ýetenden, düşnükliniňem düşnüklisi bolýar. Intipis edip otursaň, zoňtarlyk nire, gödeňsilik nire, gaýta niçiksi ýagdaýa düşäýende-de, syýyny suwdan çykaryp bilýänlere söýünç duýulýar. Edebiýaty öwreniş ylmyndaky meňzetmedir sypatlandyrmamy ýa deňeşdirmämi, haýsy birine sansaň sanyp oturmaly, aýdyljak bolunýan pikiriň suratyny çekýän «...iki daşyň arasy», «daşa daňsaňam» diýen durnukly söz düzümleri diller dünýäsinde hiç bir dilden ýaşynmajak, türkmeniň ýasy diliniň nähili owazly, nähili çeper, neneňsi şirinden agraslygyny aňladýar. Diýseň-diýmeseň, biziňkileriň pikir jähetden daş ýaly agramly sözleri daşyň özi ýaly gaty däl-de, saryýag ýaly ýakymlydan ýumşaksy, şireli.

Agyrlygyň belentligi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Polina Gurýewanyň Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda görkezen şowly çykyşy türkmen sportunyň olimpiýa medallarynyň başyny başlady. Türgen gyzyň belleýşi ýaly, ýeňiş menziline ýetirýän köp sanly basgançaklar bar. Biz hem türkmen türgenleriniň täsirli çykyşlary, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary hem-de Tokio täsirleri, türgen gyzyň geljekki maksatlary baradaky söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Polina, söhbede başlamazdan ozal, gazanan medalyňyz, dünýäniň nazary gönükýän iri sport ýaryşyndaky üstünlikli çykyşyňyz, şeýle-de mynasyp bolan Şa serpaýlaryňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Men — iň bagtly ene

Swetlana GURÝEWA,türgeniň ejesi: — Men dünýäde iň bagtly ene. Bu belent bagty ýene bir gezek onki süňňüm bilen syzdym. Gyzym Polina Olimpiýa oýunlarynda gazanan medaly bilen diňe biziň maşgalamyzyň däl, tutuş halkymyzyň, ýurdumyzyň guwanjyna öwrüldi. Şeýle gyzyň ejesi bolarsyň-da, bagtyň bir göwrä, bir göwne sygarmy?!

Şa serpaýy — belent borç

Ahmet SARYÝEW,Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy: — Diňe bir XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden sport wekiliýetimiziň däl, tutuş ýurdumyzyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz «Tokio — 2020» Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýygyndymyzy üstünlikli çykyşy bilen gutlap, onuň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewany we bizi Şa serpaýlary bilen sylaglady. Taryhy günde maňa ýokary döwlet sylagynyň — «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hemmeleri tolgundyran dabara

Artur EMIRÝAN,Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy: — Şeýle taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — ýeňil awtoulaga mynasyp bolmak meni çäksiz begendirýär. Şägirdimiziň taryhy üstünligi tälimçi hökmünde biziň üçin uly sowgat. Bu gün bolsa Arkadag Prezidentimiz sowgadymyzyň üstüne sowgat, şatlygymyzyň üstüne şatlyk goşdy.

Watanymyzyň abraýyny artdyran üstünlik

21-nji awgustda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi. «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal türgenler hem-de tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bilegi berdaşly gyzyň serpaýy

21-nji awgustda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi. «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal türgenler hem-de tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sportuň ösýän Diýary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan üstünlikler, öňegidişlikler milli sportumyza-da mahsusdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde diňe bir durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösýän, halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňelýän ýurdy hökmünde däl-de, eýsem, sportuň hem giň gerime eýe bolýan ýurdy hökmünde-de uly abraýynyň bardygy buýsançly hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda ýaşlaryň sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli oňaýlyklaryň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda badalga beren başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Döredilýän dünýä hil ülňülerindäki şert-mümkinçilikleriň öz ajaýyp miwesini eçilýändigine bolsa biz Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçymyz Polina Gurýewanyň Watanymyza ilkinji Olimpiýa medalyny gazanyp bermeginiň mysalynda hem buýsanç bilen göz ýetirdik.

Erjel türgeniň üstünligi

Ýadawsyz zähmetiň soňy ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ildeşimiz Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryndan kümüş medal bilen dolanyp gelmegi diňe bir erjel türgeniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, türkmen sportunyň, bütin halkymyzyň, türkmenistanly türgenlere ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň ýeňşidir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda soňky ýyllarda döwletimiz tarapyndan Olimpiýa hereketiniň esasynda duran belent maksatlar iş ýüzünde amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Türkmen sportunyň asylly däplerini özünde jemleýän agyr atletika mekdebimiziň wekilleri taryhyň şöhratly sahypalaryny ýazyp, ildeşlerimizi begendirmegi dowam edýärler. Ýaş türgenlerimiz halypa ussatlarymyzyň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, abraýly ýaryşlarda yzygiderli üstünlik gazanyp, ata Watanymyzyň Baýdagyny belentde parladýarlar.

Türkmen sporty jahana dolýar

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz edijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli başlangyçlary esasynda ýurdumyzda sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerýän ildeşlerimiz, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen birlikde, netijeli sporty ösdürmäge, ýokary hünärli türgenleri hem-de tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamaga, şonuň ýaly-da, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýokary derejedäki ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä sportunda ýokary netijeleri gazanmaklary we Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Täze toparlar bilen tanyşlyk

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021. Sport bilermeni Hajymyrat Söýünow «Sowal-jogap» atly mowzuk bilen taýýarlaýan bölümimizde ýewropanyň golaýda badalga alan öňdebaryjy çempionatlaryna täze goşulan toparlar bilen tanyşdyrýar.

Bir bar eken, bir ýok eken...

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021. Bu jümle biziň köpümizi çagalyk döwrümize alyp gidýän bolsa gerek. Çünki çagalygymyzda enemamalarymyz bize, köplenç, şeýle sözler bilen başlaýan ertekileri aýdyp berýärdiler. Sähelçe ulalanymyzdan soň, bu ertekileriň diňe erteki bolup galandygyna düşünýäris. Emma şeýle ertekileriň durmuşda hem bolup bilýändigi barada pikir etdiňizmi?! Elbetde, bolup biler. Ertekilerde hem bir döw ýada akylly başly şazada ýigit gelip, bütin ýurdy ýada obany halas edýär. Şeýle ertekilerdäki gahrymanlardan käbirine futbol dünýäsinde hem duşmak mümkin. Golaýda Ýewropanyň aglaba döwletlerinde 20212022nji ýyllaryň futbol möwsümi badalga aldy. Şolar bilen bir hatarda Bundesliga hem ilkinji tapgyrlaryň oýunlaryny geçirdi. Birinji tapgyrda iň köp tapawutlanylan duşuşyk hökmünde Dortmundyň «Borussiýasy»  bilen «Aýntrahtyň» arasynda geçen oýun hasaba alyndy. 5:2 hasabynda öý eýeleriniň peýdasyna tamamlanan duşuşykda norwegiýaly Erling Holand, edil ertekilerdäki gahrymanlaryň biri ýaly 2 gol hemde 2 gola ýardam bilen tapawutlanyp, ýenede bir gezek öz ussatlygyny görkezdi.

AFK-nyň kubogynyň jogapkärli oýnuna taýýarlanýar

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021. Türkmen futbolynyň taryhynda ikinji klub AFKnyň kubogynyň finalyna çykyp, hatda şol görkezijini gowulandyryp biler. 2018nji ýylda «Altyn asyr» bu ýaryşyň finalyna çenli çykyşyny dowam etdiripdi. Şu möwsümde bolsa Türkmenistanyň wiseçempiony «Ahal» sebitleýin finala çykmak bilen täze bir görkezijini gazanmaga mümkinçilik aldy. Ildeşlerimiziň janköýerleriň ynamyny ödemegi üçin olaryň 25nji awgustda Özbegistanyň Garşy şäherinde geçiriljek duşuşykda ýerli «Nasafdan» üstün çykmagy gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesini sylaglady

21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni — Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.

Watan perzentlerini mertebeleýär

Diňe bir žurnalist üçin däl, eýsem, islendik ýönekeý adam üçin agyr atletikaçy türgenler agyrlyk götermegiň pälwanlary hökmünde hakydalara dolýan bolsa gerek. Olaryň türgenleşiklerine myhman bolup, ştanganyň ýekeje agram daşyny götermek üçin gaşymyz çytylanda, muňa has içgin göz ýetiripdik. Sportuň bu görnüşini ykbalyna öwren agyr atletikaçy bolsa arslan kimin, ýüzlerçe kilogram agyrlygy ilki egnine, soň hem başynyň üstüne göterer welin, olaryň bu ussatlygyna söz tapman, biygtyýar elleriňi çarparsyň. Sportuň agyr atletika görnüşiniň özboluşly, täsin ruhy dünýäsi bar: sen ştangany başyň üstüne göterseň, ol seni arzuwlaryň, hyýallaryň belentligine ýetirýär. Mundan bir aý çemesi ozal agyr atletikaçy gyzymyz Polina Gurýewa çiginlek-çiginlek erkek kişileri hem ýaýdandyrjak agyrlyga eýgerip, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolan bolsa, şol agyrlyk ony geçen şenbede şeýle bir belentlige göterdi welin, oňa türgen heniz hem ynanyp bilmän oturandyr. Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalçymyzy «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at, täze ýaşaýyş jaýynyň we täze ulagyň açary, 50 müň amerikan dollary bilen sylaglady. Şol sanda onuň tälimçilerine hem şa serpaýlary ýapyldy. Görüň, jemgyýetde adamyň ukybyna, başarnygyna görä gazanan üstünligi, onuň mertebesine mertebe goşýar.

Türkmen sportunyň belent derejesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň beýik ösüşlere beslenýändigi türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Bu ýagdaý mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaraly belleniljek ýylynda eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleridir öňegidişlikleri bilen bütin dünýäde ykrar edilendigi aýdyň hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlagy hem ýurdumyzyň sport abraýynyň bütin dünýäde belent derejelere ýetendiginiň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi» diýip belleýär. Eziz Watanymyzda durmuş-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, sport ýaly ugurlar boýunça gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň yzygiderli şaýady bolmagyň şatlyk-buýsanjy egsilmezdir.

Ýeňişli menziller ýar bolsun!

Ylym-bilim, hünär öwrenip, başarnygyňy görkezip, ýurduň ösüşine mynasyp goşandyňy goşup, il-günüňe peýdaly adamlar bolup ýetişmek her bir ynsanyň arzuwy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün talyp ýaşlarymyz döwrebap gurlan, ylmyň soňky gazanan üstünlikleri bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde bilim alyp, hünär öwrenýärler. Ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda zehinli ýaşlarymyz özleriniň gujur-gaýratlaryny, ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar ýurdumyzyň sport abraýyny artdyryp, ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdadýarlar. Bu tutanýerli işde tejribeli halypalaryň, professor-mugallymlaryň aýratyn tagallalarynyň bardygyny bellemek buýsançlydyr. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyp ýaşlarymyza sportuň dürli ugurlary boýunça hünär öwredilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde sportuň dürli ugurlary boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň başarnyklaryny doly açyp görkezmekde, saýlap alan hünärlerini kemsiz ele almaklarynda tejribeli mugallymlaryň çekýän zähmeti ýerine düşýär.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiadasynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.