Watan perzentlerini mertebeleýär

22 Awgust 2021
965

Diňe bir žurnalist üçin däl, eýsem, islendik ýönekeý adam üçin agyr atletikaçy türgenler agyrlyk götermegiň pälwanlary hökmünde hakydalara dolýan bolsa gerek. Olaryň türgenleşiklerine myhman bolup, ştanganyň ýekeje agram daşyny götermek üçin gaşymyz çytylanda, muňa has içgin göz ýetiripdik. Sportuň bu görnüşini ykbalyna öwren agyr atletikaçy bolsa arslan kimin, ýüzlerçe kilogram agyrlygy ilki egnine, soň hem başynyň üstüne göterer welin, olaryň bu ussatlygyna söz tapman, biygtyýar elleriňi çarparsyň.

Sportuň agyr atletika görnüşiniň özboluşly, täsin ruhy dünýäsi bar: sen ştangany başyň üstüne göterseň, ol seni arzuwlaryň, hyýallaryň belentligine ýetirýär. Mundan bir aý çemesi ozal agyr atletikaçy gyzymyz Polina Gurýewa çiginlek-çiginlek erkek kişileri hem ýaýdandyrjak agyrlyga eýgerip, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolan bolsa, şol agyrlyk ony geçen şenbede şeýle bir belentlige göterdi welin, oňa türgen heniz hem ynanyp bilmän oturandyr. Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalçymyzy «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at, täze ýaşaýyş jaýynyň we täze ulagyň açary, 50 müň amerikan dollary bilen sylaglady. Şol sanda onuň tälimçilerine hem şa serpaýlary ýapyldy. Görüň, jemgyýetde adamyň ukybyna, başarnygyna görä gazanan üstünligi, onuň mertebesine mertebe goşýar.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.