Erjel türgeniň üstünligi

23 Awgust 2021
1004

Ýadawsyz zähmetiň soňy ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ildeşimiz Polina Gurýewanyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryndan kümüş medal bilen dolanyp gelmegi diňe bir erjel türgeniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, türkmen sportunyň, bütin halkymyzyň, türkmenistanly türgenlere ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň ýeňşidir.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda soňky ýyllarda döwletimiz tarapyndan Olimpiýa hereketiniň esasynda duran belent maksatlar iş ýüzünde amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Türkmen sportunyň asylly däplerini özünde jemleýän agyr atletika mekdebimiziň wekilleri taryhyň şöhratly sahypalaryny ýazyp, ildeşlerimizi begendirmegi dowam edýärler. Ýaş türgenlerimiz halypa ussatlarymyzyň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, abraýly ýaryşlarda yzygiderli üstünlik gazanyp, ata Watanymyzyň Baýdagyny belentde parladýarlar.

Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.