Şa serpaýy — belent borç

25 Awgust 2021
982

Ahmet SARYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy:

— Diňe bir XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden sport wekiliýetimiziň däl, tutuş ýurdumyzyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz «Tokio — 2020» Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýygyndymyzy üstünlikli çykyşy bilen gutlap, onuň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewany we bizi Şa serpaýlary bilen sylaglady. Taryhy günde maňa ýokary döwlet sylagynyň — «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.