Türkmen sporty jahana dolýar

23 Awgust 2021
890

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz edijisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli başlangyçlary esasynda ýurdumyzda sport hereketi giň gerime eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerýän ildeşlerimiz, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanýarlar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen birlikde, netijeli sporty ösdürmäge, ýokary hünärli türgenleri hem-de tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamaga, şonuň ýaly-da, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlary we desgalary guruldy hem-de ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýokary derejedäki ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak we türgenleriň ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä sportunda ýokary netijeleri gazanmaklary we Watanymyzyň sport giňişligindäki abraýyny belende götermekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

«Aşgabat».