Sport – sagdynlygyň girewi

25 Awgust 2021
872

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu hakda söz açyp: «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip parasatly belleýär.

Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersleriniň okadylmagynyň döwrebap derejede ýola goýulmagy, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli şertleriň döredilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, olaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan isleglerini ösdürmekde, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlaryny we bäsleşiklerini geçirmegiň tejribesini ornaşdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Azat ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, leýtenant.