Sportuň ösýän Diýary

23 Awgust 2021
916

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alan üstünlikler, öňegidişlikler milli sportumyza-da mahsusdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde diňe bir durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösýän, halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňelýän ýurdy hökmünde däl-de, eýsem, sportuň hem giň gerime eýe bolýan ýurdy hökmünde-de uly abraýynyň bardygy buýsançly hakykatdyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda ýaşlaryň sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin ähli oňaýlyklaryň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda badalga beren başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Döredilýän dünýä hil ülňülerindäki şert-mümkinçilikleriň öz ajaýyp miwesini eçilýändigine bolsa biz Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçymyz Polina Gurýewanyň Watanymyza ilkinji Olimpiýa medalyny gazanyp bermeginiň mysalynda hem buýsanç bilen göz ýetirdik.

Tagangeldi HOWUSOW,
Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň tälimçisi.