Ýeňişli menziller ýar bolsun!

22 Awgust 2021
1047

Ylym-bilim, hünär öwrenip, başarnygyňy görkezip, ýurduň ösüşine mynasyp goşandyňy goşup, il-günüňe peýdaly adamlar bolup ýetişmek her bir ynsanyň arzuwy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün talyp ýaşlarymyz döwrebap gurlan, ylmyň soňky gazanan üstünlikleri bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde bilim alyp, hünär öwrenýärler.

Ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda zehinli ýaşlarymyz özleriniň gujur-gaýratlaryny, ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar ýurdumyzyň sport abraýyny artdyryp, ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdadýarlar. Bu tutanýerli işde tejribeli halypalaryň, professor-mugallymlaryň aýratyn tagallalarynyň bardygyny bellemek buýsançlydyr. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyp ýaşlarymyza sportuň dürli ugurlary boýunça hünär öwredilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde sportuň dürli ugurlary boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň başarnyklaryny doly açyp görkezmekde, saýlap alan hünärlerini kemsiz ele almaklarynda tejribeli mugallymlaryň çekýän zähmeti ýerine düşýär.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».