Sport äleminiň baýdagy

25 Awgust 2021
1241

2021-nji ýyl. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly. Eýýäm deň-ýaryndan gowragy yzda galan ýyly ýene-de telim-telim ýyllardan soň nähili ýakym bilen ýatlarys? Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň çägindäki dabaralaryň özi bir uly ýatlama ahyry! Ýöne baryp birmahal 2021-nji ýyl ýatlanylmaly bolsa, sport janköýerleri Olimpiýa oýunlarynda gazanan ilkinji medalymyzy hem uly ýakym bilen ýatlarlar. Özi hem bary-ýogy 21 ýaşly türgen gyzyň ady bilen baglanyşykly!

Elimizi ýüregimiziň üstüne goýup bir hakykaty aýtmak gerek: şu ýyl ýurdumyzda agyr atletikanyň, onda-da zenan agyr atletikaçylarymyzyň ýyly boldy. Diňe dünýäniň çempiony Ýulduz Jumabaýewa bilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewanyň dakynan medallarynyň özi hem tutuş ýylyň sport wakalaryna aýratyn şan bagyşlap biler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.