Hemmeleri tolgundyran dabara

25 Awgust 2021
947

Artur EMIRÝAN,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy:

— Şeýle taryhy günde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — ýeňil awtoulaga mynasyp bolmak meni çäksiz begendirýär. Şägirdimiziň taryhy üstünligi tälimçi hökmünde biziň üçin uly sowgat. Bu gün bolsa Arkadag Prezidentimiz sowgadymyzyň üstüne sowgat, şatlygymyzyň üstüne şatlyk goşdy.