AFK-nyň kubogynyň jogapkärli oýnuna taýýarlanýar

23 Awgust 2021
908

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021.

Türkmen futbolynyň taryhynda ikinji klub AFKnyň kubogynyň finalyna çykyp, hatda şol görkezijini gowulandyryp biler. 2018nji ýylda «Altyn asyr» bu ýaryşyň finalyna çenli çykyşyny dowam etdiripdi. Şu möwsümde bolsa Türkmenistanyň wiseçempiony «Ahal» sebitleýin finala çykmak bilen täze bir görkezijini gazanmaga mümkinçilik aldy. Ildeşlerimiziň janköýerleriň ynamyny ödemegi üçin olaryň 25nji awgustda Özbegistanyň Garşy şäherinde geçiriljek duşuşykda ýerli «Nasafdan» üstün çykmagy gerek.

Merdan BAÝAT,
sport žurnalisti.