Iki daşyň arasy

25 Awgust 2021
1179

Il-günüň saňa juda göwni ýetip, pisindi oturanda diýýänlerini bir diňlesene: «Pylany iki daşyň arasynda galsa-da hor bolmaz» ýa-da: «Pylanyny daşa daňsaňam gününi görer» diýer. Birbada gulaga gödeňsiräk, zoňtarrak, mortarak degýän suratlandyrma aň elegine ýetenden, düşnükliniňem düşnüklisi bolýar. Intipis edip otursaň, zoňtarlyk nire, gödeňsilik nire, gaýta niçiksi ýagdaýa düşäýende-de, syýyny suwdan çykaryp bilýänlere söýünç duýulýar.

Edebiýaty öwreniş ylmyndaky meňzetmedir sypatlandyrmamy ýa deňeşdirmämi, haýsy birine sansaň sanyp oturmaly, aýdyljak bolunýan pikiriň suratyny çekýän «...iki daşyň arasy», «daşa daňsaňam» diýen durnukly söz düzümleri diller dünýäsinde hiç bir dilden ýaşynmajak, türkmeniň ýasy diliniň nähili owazly, nähili çeper, neneňsi şirinden agraslygyny aňladýar. Diýseň-diýmeseň, biziňkileriň pikir jähetden daş ýaly agramly sözleri daşyň özi ýaly gaty däl-de, saryýag ýaly ýakymlydan ýumşaksy, şireli.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».