Bir bar eken, bir ýok eken...

23 Awgust 2021
961

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021.

Bu jümle biziň köpümizi çagalyk döwrümize alyp gidýän bolsa gerek. Çünki çagalygymyzda enemamalarymyz bize, köplenç, şeýle sözler bilen başlaýan ertekileri aýdyp berýärdiler. Sähelçe ulalanymyzdan soň, bu ertekileriň diňe erteki bolup galandygyna düşünýäris. Emma şeýle ertekileriň durmuşda hem bolup bilýändigi barada pikir etdiňizmi?! Elbetde, bolup biler. Ertekilerde hem bir döw ýada akylly başly şazada ýigit gelip, bütin ýurdy ýada obany halas edýär. Şeýle ertekilerdäki gahrymanlardan käbirine futbol dünýäsinde hem duşmak mümkin. Golaýda Ýewropanyň aglaba döwletlerinde 20212022nji ýyllaryň futbol möwsümi badalga aldy. Şolar bilen bir hatarda Bundesliga hem ilkinji tapgyrlaryň oýunlaryny geçirdi. Birinji tapgyrda iň köp tapawutlanylan duşuşyk hökmünde Dortmundyň «Borussiýasy»  bilen «Aýntrahtyň» arasynda geçen oýun hasaba alyndy. 5:2 hasabynda öý eýeleriniň peýdasyna tamamlanan duşuşykda norwegiýaly Erling Holand, edil ertekilerdäki gahrymanlaryň biri ýaly 2 gol hemde 2 gola ýardam bilen tapawutlanyp, ýenede bir gezek öz ussatlygyny görkezdi.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabyndaky37nji orta mekdebiň mugallymy.