Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesini sylaglady

23 Awgust 2021
1000

21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni — Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.