Türkmen sportunyň belent derejesi

22 Awgust 2021
1088

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň beýik ösüşlere beslenýändigi türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Bu ýagdaý mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaraly belleniljek ýylynda eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleridir öňegidişlikleri bilen bütin dünýäde ykrar edilendigi aýdyň hakykatdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlagy hem ýurdumyzyň sport abraýynyň bütin dünýäde belent derejelere ýetendiginiň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Polina Gurýewanyň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi» diýip belleýär. Eziz Watanymyzda durmuş-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, sport ýaly ugurlar boýunça gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň yzygiderli şaýady bolmagyň şatlyk-buýsanjy egsilmezdir.

Annamyrat AKYÝEW,
«Mugallymlar gazeti».