Ruhubelentlige beslendi
4-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň we Spartakiadanyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, türgenleriň arasynda hem, işjeň dynç alşy söýýänleriň arasynda hem her ýyl şeýle ýaryşlary geçirmek başlangyjy bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, milletiň saglygyna ägirt uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza degişlidir. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda başlangyç, umumybilim berýän orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleriň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt möçberinde her ýyl geçirilýän umumymilli ýaryşlar köpçülikleýin sporty ösdürmekde täze joşgun döretdi. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlar talyplar sportunyň hem täze derejä çykmagynda uly ähmiýete eýedir.