Belent işlere ruhlandyrýan kitap

3 Maý 2024
176

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy bolup, bagtyýar halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu ajaýyp eseriň şöhratly taryhymyza, müňýyllyklardan gözbaş alyp, häzirki günlere gelip ýeten milli medeniýetimize bolan söýgi-buýsanjyň artmagynda hem ähmiýeti örän ýokarydyr.

Üç dilde neşir edilen täze kitabyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplary hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümleri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň taryhy, onuň medeniýetiniň aýratynlyklary, bu medeniýetiň dünýäde ykrar edilmegine ägirt uly goşant goşan adamlaryň alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Änewiň diňe bir şöhratly geçmişi däl-de, şanly şu güni hakynda hem gürrüň edilýän ajaýyp kitapda ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada hem çuň many-mazmunly söhbet edilýär.