"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Çekeleşikli tutluşyklar

Golaýda 2007 – 2009-njy hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sambo boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Mekdebiň «Köpugurly» sport zalynda guralan ýaryşlaryň her birine 100-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn hasap boýunça birinji orna Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi eýe boldy. 34 kg-de Gurban Rejepow, 38 kg-de Allanur Seýitkulow, 42 kg-de Ybraýymbeg Baýramgylyjow, 46 kg-de Ýusup Atabaýew, 50 kg-de Resul Geldiýew, 55 kg-de O.Hudaýberdiýew, 60 kg-de Daniýel Rustamow, 66 kg-de B.Gulmuhammedow, +70 kg-de bolsa Hezret Hoşgeldiýew dagy 2007–2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy.

Ynsan kalbynyň lukmany

Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasyň ummany, parasatlylygyň nusgasy. Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söz ussadynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär, edebi mirasyny ylmy esasda öwrenip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Ýer ýüzüniň çar künjeginde dana şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän dürli çäreler bolsa türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň barha belende göterilýändigini görkezýär. Magtymguly atamyzyň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýanlygy bilen kalplarda baky orna eýe boldy. Beýik akyldaryň biri-birinden ajaýyp şygyrlarynda saglyga, lukmançylyga, ynsan derdine em etmek ýaly sogaply käriň eýeleri bolan lukmanlara hem giň orun berlipdir.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary bu tapgyrda öz meýdanynda «Energetik» bilen duşuşyp, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çempionatdaky bassyr 14-nji ýeňşini gazanan Arkadag şäheriniň adybir topary ýaryş tertibinde ynam bilen birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Sport mekdeplerinde

Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda 2009 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli guralan ýaryşa 5 topar gatnaşdy. Final duşuşygynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň topary Ak bugdaý etrabynyň toparyndan 6-1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiji bolmagy başardy. Kaka etrabynyň topary 3-nji orny eýeledi. Baýrakly orunlary eýelän toparlara Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlarydyr medallary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Türkmenistanyň çempionaty

Bu gün ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşikler ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşleri boýunça has-da kämilleşmeklerine şert döredýär, tejribe mekdebi bolup durýar. 15 – 21-nji maýda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Aşgabat şäherinde guralan ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan toparlar gatnaşdy. Bu bäsleşikde Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň türgenlerinden düzülen paýtagtyň topary 1-nji orny eýeledi. Olary bu ýaryşa G.Narbaýewa, O.Kobzewa, S.Hannyýewa dagy taýýarlady. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Maýsa Raimowa, Aýşa Rejebowa, Diana Ýeremeýewa, Anna Begjanowa has-da tapawutlandylar.

Kakageldi Gul pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Ahalyň göreş düzgüni boýunça ilkinji baş baýraga çykan dört jübüt ahmyrly bolmaz ýaly täzeden tutluşdyrylýar. Ine, şol toýda hem Kakageldi Poran pälwan bilen göreş tutýar. Ol çepine göterjek bolanda, myhman pälwan badak salyp ýeňiş gazanýar. Gaýtadan tutluşylanda, garşydaşy çilip, arkanlygyna zyňjak bolanda, Kakageldi pälwan eline tekge berip, aýagyny çekende, Poran pälwan sogrulyp diň arkan gaýdyp ýeňilýär. Soňky dörtlükde hem, bu iki pälwan göreşende Kakageldi pälwan sagyndan gyşarylybrak baryp, garşydaşyny göterip, daşyndan bir sapar aýlap, ýere goýup badak atyp ýykýar.

Paýtagt habarlary

Ýakynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň sport zalynda 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy, 2010-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň hem ýetginjekleriň arasynda uşu boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşa 120 türgen gatnaşdy. Türgenler ýaş aýratynlyklary boýunça öz agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşlar boýdan-başa gyzgalaňly we çekeleşikli pursatlara baý boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bilimler baýramy

Biz — ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerimiz boýunça okamagymyz, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän adamlar bolup ýetişmegimiz üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Soňky jaň» dabarasy berkarar Watanymyza, merdana halkymyza beýik buýsanjy terbiýeleýän bilimler baýramydyr. Jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan bu baýramçylyk bagtyýar uçurymlarymyz — geljegine ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiz we gyzlarymyz tarapyndan ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler bilen gurşalýar» diýip nygtaýar. Ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ajaýyp baýram ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyp ýaşlary hökmünde biziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa Mary welaýatynyň etraplaryndan we şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Murgap etrabynyň türgenlerinden Atabally Batyrow 65 kg agramda 1-nji, Şaruh Berdiýew 110 kg-de 2-nji, Rüstem Parahadow 60 kg-de, Guwanç Çaryýew 51 kg-de, Agaçary Saparow 51 kg-de 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ahyrynda türkmen sportuny belende galdyrýan, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdyldy.

Sportuň ösüşli menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, ulgamyň okgunly ösüşlerini, täze sepgitlerini şertlendirýär. Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä hem-de yklym çempionatlary Diýarymyzyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygynyň beýanyna öwrülýär. Iň uly ýaryşlary geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatdan nyşandyr. Çünki ülkämiziň kämil sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Hakykatdan hem, bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Elbetde, gözbaşyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryndan alyp, Watanymyzyň iň ajaýyp sport baýramçylyklaryny kabul etmegine mümkinçilik döredýän sport desgalarydyr toplumlaryň birnäçesini özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň myhmanlarynyň, halkara sport jemgyýetçiliginiň, federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Bu bolsa Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Taryhy ýerlere gezelenç

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary 2024-nji ýylyň mart, aprel, maý aýlarynyň degişli senelerinde Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerdir muzeýlere syýahat etdiler. Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýinde bolanymyzda ajaýyp duýgulary başdan geçirdik. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda «Änew – müňýyllyklarda gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň 1-nji babynda hormatly Prezidentimiz Rafael Pampelliniň adyny hem hormat bilen tutýar.

Sportuň olimpiýa görnüşi

Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolan ýaý atmak öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda Halkara ýaý atmak federasiýasy FITA ady bilen hereket edip, onuň düzümine 140-dan gowrak döwletiň milli federasiýalary girýär. FITA-nyň edara binasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, ýaý atyjylaryň ýene bir birleşmesi bolup, ol EMAU diýlip atlandyrylýar. 1900-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaý atmak boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şondan soňra dünýäniň iň uly ýaryşlarynda sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler 1920-nji ýylda geçirilen tomusky Oýunlaryna çenli guralýar. 1972-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçen tomusky Olimpiadada ýaý atmak boýunça ýaryşlar gaýtadan dikeldilýär. Şondan bäri sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna yzygiderli girizilip gelinýär we erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda guralýar.

Taryhda şu gün

Üç gezek Olimpiýa çempiony bolan bu tanymal türgeniň şol günki görkezijisi 98 metr 48 santimetre deň bolýar. Bu dünýä rekordynyň häzirki wagta çenli saklanyp gelýändigini bellemek gerek. Ýeňil atletikanyň naýza zyňmak görnüşiniň taryhynda hasaba alnan netijelerde türgenleriň diňe 22-si 90 metrden geçýän netijäni görkezmegiň hötdesinden gelipdir.

Welaýatlardan habarlar

Ýa­kyn­da Bal­kan we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da TKA-nyň we­la­ýat bir­leş­me­si­niň hem-de ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ara­ka­ly­şyk­la­ry­nyň Bal­ka­na­bat şä­her ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Türk­me­niň ru­hy çy­ra­gy» at­ly wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy akyl­dar şa­hy­ra go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Bedewlere çäksiz buýsanç

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri elmydama üns merkezinde saklaýar. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp görmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Akademiýanyň ýapyk manežine gelen Milli Liderimizi bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy.

Mizemez mukaddeslikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, röwşen geljege ynamly barýan merdana hem zähmetsöýer halkymyz il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda ajaýyp baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna-da, asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany bolup al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyza-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli zamanada eşretli durmuşyň hözirini görýän merdana hem zähmetsöýer halkymyz mukaddeslik hökmünde garaýar we bu ajaýyp hakykata biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň esasynda hem kemsiz göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýen dürdäne sözleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Arzuwlary wysal bolan akyldar

Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, ýigit, goç ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragy şygyrlarynda serkerde, merdana ýigit bolmagyň şertlerini beýan edipdir. At-ýarag edinmegi watançy ýigitleriň borjy hasap edipdir. Sebäbi at-ýarag mertligiň nyşany hökmünde görlüpdir.

Ylmy-amaly maslahat

13-nji maýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa we Döwlet baýdagymyz berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň hem-de rowaçlygymyzyň belent maksatlaryna ruhlandyrýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili we ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar çykyş etdiler. Ylmy-amaly maslahat öz işini «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir», «Asudalygyň hem buýsanjyň beýany», «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we milli demokratiýa berkararlygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň sarsmaz sütünidir» atly bölümlerde dowam etdi.

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri­niň me­dal­la­ry

Türk­men ka­ra­te­çi­le­ri Sa­mar­kant­da ta­mam­la­nan ka­ra­te bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň 9-njy çem­pio­na­tyn­da (WKF) 33 me­dal (6 al­tyn, 7 kü­müş we 20 bü­rünç) me­dal ga­zan­dy­lar. Üç gün­läp do­wam eden ýa­ry­şa Eý­ran­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 800-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. Olar dür­li ag­ram de­re­je­le­rin­de ka­ta we ku­mi­te bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. 74 tür­gen­den yba­rat mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz baý­rak­ly üçün­ji or­ny eýe­le­di. Öň­dä­ki iki or­na bol­sa Ga­za­gys­ta­nyň (39 al­tyn, 30 kü­müş we 47 bü­rünç me­dal) we Öz­be­gis­ta­nyň (22 al­tyn, 29 kü­müş we 58 bü­rünç me­dal) to­par­la­ry my­na­syp bol­du­lar.