Mizemez mukaddeslikler

17 Maý 2024
619

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap, röwşen geljege ynamly barýan merdana hem zähmetsöýer halkymyz il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda ajaýyp baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna-da, asudalygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň nyşany bolup al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyza-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli zamanada eşretli durmuşyň hözirini görýän merdana hem zähmetsöýer halkymyz mukaddeslik hökmünde garaýar we bu ajaýyp hakykata biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň esasynda hem kemsiz göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýen dürdäne sözleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.