"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary öz meýdanynda «Aşgabatdan» uly hasap bilen üstün çykdy – 7:1. Ýaryş tertibiniň üçünji hem-de ikinji toparlary – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2:2 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Şagadam» «Köpetdagdan», «Merw» bolsa «Energetikden» birmeňzeş 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli kikboks boýunça Aşgabat şäheriniň açyk kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda 2006 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň 385-si dürli agram derejelerinde bäsleşdiler. Ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligiň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Olardan Muhammetberdi Allaberdiýew 63 kg-de 1-nji, Kakageldi Gaýypow 42 kg-de 2-nji, şol agramda Öwez Berdiýew 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Kakageldi Gul pälwan

Meşhur Maşa pälwanyň nesli we göreş meýdanyndaky ykbaly hakynda gyzyklanyp kän gözleg-ideg etdim. Ahyrsoňy Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda dünýä inip, häzirki wagtda bolsa Artyk obasynda ýaşaýan pälwan Baýsähet Kelowyň kömegi arkaly, Aşgabat şäheriniň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwanyň (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) salgysyny anyklamak başartdy. ...1954-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa Gul Mommaýewiň maşgalasynda saryýagyzja oglan bäbek dünýä inýär. Gul aga türkmeniň milli ýörelgesine eýerip, syrgynyndaky oba mollasyny çagyryp, nowbahar çaganyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrýar. Dogluş hakyndaky şahadatnamada Momma diýlip ýazylsa-da, ene-atasynyň we dogan-garyndaşlarynyň Kakageldi diýip tutmaklary bilen, bu at ýörgünli bolupdyr.

Baýramçylyk sowgatlary

Aşgabatly 12 ýaşly türgen Aýlara Kakabaýewa Dohada (Katar) geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji ýaryşda jübütleýin bäsleşikde öňdäki orny eýeledi. Ýetginjek tennisçimiz bu üstünligi gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde gazandy. Aýlara Kakabaýewa 7 ýaşyndan bäri Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky toparlaýyn saýlama birinjilikde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Meýdançada energetikler

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn KA-nyň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Türkmenenergoabatlaýyş» ÝÖB-niň sport meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşige pudagyň edara-kärhanalaryndan 14 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň finalynda «Аşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň topary Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň toparyny 4:3 hasabynda utup, göçme Kubogy eýelediler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň topary «Energohyzma» birleşiginiň toparyndan 6:5 hasabynda üstün çykdy.

Beýik akyldar hem alym

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sina ady adamzadyň taryhynda ebedilik galan ägirt şahsyýetdir. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Muňa Gündogaryň bu meşhur akyldarynyň we lukmançylygyň täze, has baý eýýamyny esaslandyran beýik ynsanyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň hemişe öwrenilendigi, öwrenilýändigi, adynyň müň ýyldan gowrak wagtdan bäri hem adamzadyň dilinden düşmän gelýändigi-de doly şaýatlyk edýär» diýen sözleri-de aňryýany bilen tassyklaýar. Abu Aly ibn Sina diňe bir lukmançylykda däl-de, dürli ugurlarda ägirt uly miras galdyrypdyr. Dünýäniň köp ýerinde, esasan hem, Ýewropada Awisenna ady bilen tanalýan akyldaryň 29 ugur boýunça 450 iş ýazandygy barada maglumatlar bar. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Bejeriş hakynda kitap» ýaly eserlerinden, keselleriň öňüni almak, bejermek, dermanlyk ösümlikleriň peýdasy baradaky pikirlerinden ençeme asyrlar bäri netijeli peýdalanylyp gelinýär.

Çaga terbiýesinde beden maşklarynyň ähmiýeti

Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere ymtylmagyň aýdyň beýanydyr. Sport bilen meşgullanmak we bedeniňe erk etmek beden saglygynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine rowaçlyk berýän Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek milli taglymata öwrüldi. Her bir adam çagasynyň sagdyn, şähdaçyk, başarjaň, akyl taýdan ösen bolmagyny isleýär. Bu häsiýetleriň çagalarda bolmagy bize daşky gurşawa we olaryň terbiýesine baglydyr. Çaga näçe kiçi bolsa, ol şonça-da düşbi bolýar. Şonuň üçin oňa terbiýe bermäge irki çagalyk döwründen başlamalydyr.

Taryhda şu gün

Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen halkara ýaryşda tapawutlanan Ronaldo (12,93 sekunt) şondan iki ýyl öň goýan rekordyny täzeleýär. Ilkinji rekordy goýanda ol bu aralygy 13 sekunda geçmegiň hötdesinden gelipdir. Onuň täze rekordy aradan 12 ýyl geçensoň täzelenýär. 1993-nji ýylda Ştutgartda geçirilen dünýä çempionatynda angliýaly ýeňil atletikaçy Kolin Jekson çeýelik hem ýyndamlyk görkezýär (12,91 sekunt).

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak we welaýatymyzda sportuň boks görnüşini has-da ösdürmek maksady bilen 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan ýaryşda B.Beşimow (48 kg), A.Garaýew (51 kg), U.Amanmyradow (54 kg), H.Allaberdiýew (57 kg), E.Seýtliýew (60 kg), E.Şanazarow (63,5 kg), E.Parahadow (67 kg), D.Kakajanow (71 kg), B.Omarow (75 kg), A.Bäşimow (80 kg), G.Täçmyradow (86 kg), Ş.Gylyjow (92 kg), N.Mämmedow (+92 kg) öz agram derejelerinde üstünlik gazandylar.Ýeňijilere TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Mämmet AGABAÝEW,

Belent maksatdan ugur alýan beýik işler

«Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Bu sözleriň ajaýyp zamanamyzyň beýik hakykatydygyny döwlet Baştutanymyzyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi hem aýdyň görkezdi.

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty

7-nji maý­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyn­dan 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li uruş we­ta­ran­la­ry­na, şeý­le hem uruş­da we­pat bo­lan es­ger­le­riň ýan­ýol­daş­la­ry­na gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ryň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tiniň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň gura­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da Ýeň­şiň ga­za­nyl­ma­gy­na türk­men hal­ky hem my­na­syp go­şant goş­dy. Müň­ler­çe wa­tan­da­şlary­myz beý­le­ki do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len egin-eg­ne be­rip, ýo­wuz duş­ma­na berk gaý­ta­wul ber­mek­de, azat­ly­gy, ba­ky er­kin­li­gi, mu­kad­des top­ra­gy go­ra­mak­da mert­li­giň, gah­ry­man­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny gör­kez­di. Ga­zap­ly uruş ýyl­la­ry­nyň jan­ly şa­ýat­la­ry bo­lup, ara­myz­da ýa­şap ýö­ren uruş we zäh­met we­te­ran­la­ry­nyň öwüt-ün­dew­le­ri ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk, gaý­duw­syz­lyk, eder­men­lik ýa­ly be­lent ah­lak hä­si­ýet­le­rin­de ter­bi­ýe­le­mek­de uly

Şöhratly geçmişiň hem şu günüň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda şeýle sözler bar: «Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň». Ine, şu dürdäne jümleden görnüşi ýaly, adamlaryň durmuşynda kitabyň eýeleýän orny örän ýokarydyr. Özi-de, bu adamzadyň taryhynyň tutuş dowamynda dabaralanyp gelýän hakykatdyr. Merdana pederlerimiz hem şan-şöhrata beslenen taryhynyň ähli döwründe öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän edep-kadalaryň, pähim-paýhaslaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap çykanyňdan soňra, Milli Liderimiziň adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýändigiň barada aýdanlarynyň durmuşyň mizemejek hakykatydygyna kemsiz göz ýetirýärsiň. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň çar künjeginde bir-birine ulaşdy we şol çäreleriň özi hem halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň diňe tarypa mynasypdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Talyp türgenimiziň ajaýyp üstünligi

Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda talyp türgenimiz şowly çykyş etdi. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. 20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Žýulýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Halifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Serdaryň hasabynda ozal hem sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medalyň bardygyny bellemek gerek.

Ka­ra­te­çi­le­ri­mi­ziň me­dal­la­ry

Türk­men tür­gen­le­ri Ür­genç­de ge­çi­ri­len «UZBEKISTAN OPEN 2024» ka­ra­te bo­ýun­ça il­kin­ji hal­ka­ra (WKF) ýa­ry­şyn­da dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň 23-si­ni ga­zan­dy­lar. Bäs­le­şi­ge Gyr­gy­zys­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Türk­me­nis­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 293 ka­ra­te­çi (200 og­lan we 93 gyz) gat­naş­dy. Ýa­ryş ge­çi­ri­len ýur­da meý­dan­ça eýe­le­ri hök­mün­de aý­ry-aý­ry klub­lar we­kil­çi­lik et­di­ler. Tut­lu­şyk­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de il­deş­le­ri­miz 5 al­tyn, 5 kü­müş we 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry­ny bu ýa­ry­şa tä­lim­çi­ler Aý­dyň Ça­ry­ýew we Igor Ra­hy­mow taý­ýar­la­dy­lar.

Arkadagly ýaşlaryň şowly çykyşy

Sportuň giňden ýaýran görnüşlerini has-da ösdürmek, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmek we güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary yzygiderli guralyp gelinýär. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada şeýle bäsleşikleriň esasylarynyň biridir. Nobatdaky XIII Spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli sport meýdançalarynda sportuň 13 görnüşi boýunça bäsleşikler örän gyzykly hem çekeleşikli alnyp baryldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp bolup, ussatlyk görkezmegi başardylar.

Behişdi be­dew­le­re buý­sanç

Hal­ky­my­zyň uçar ga­na­ty­na de­ňel­ýän ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz asyr­lar­bo­ýy toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň has-da be­len­de gö­te­ri­len­di­gi­ne «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­len Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň dün­ýä ýaň sa­lan da­ba­ra­la­ry­nyň my­sa­lyn­da ýe­ne bir ýo­la aý­dyň göz ýe­tir­dik. Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar bol­sa be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň döw­let de­re­je­sin­de uly üns-ala­da bi­len gur­şa­lan­dy­gy­nyň, ola­ra söý­gi-buý­san­jyň eg­sil­mez­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­di di­ýip buý­sanç bi­len aý­dyp bi­le­ris. Ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan çä­re­le­riň do­wa­myn­da Arkadagly Gahryman Serdarymyza at­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­na çäk­siz ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň adyn­dan aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Kä­ri­zek

Tennis kortlarynda

Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda tennis boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 14 we 18 ýaşdaky tennisçileriň arasynda guralan ýaryşa ýaş türgenleriň 150-si gatnaşdy. Netijede gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol paýtagtyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy, uly toparda bolsa iki setiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki çempiony, 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi.

Welaýatyň açyk birinjiligi

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2010 – 2013-nji, 2012 – 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň türgenleri dürli agram derejelrinde bäsleşdiler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň topary hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebinde futbol boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň ezber türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-nji sport mekdebiň türgenleri üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelediler. 18-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 5-nji orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Nurmuhammet RAHYMOW,

Bagtyýar durmuşyň binýady

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Sport diplomatiýasy — parahatçylygyň dialogy» atly hepdelik meýilnamasy esasynda hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda «Sport we sagdynlyk — bagtyýar durmuşa binýat» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi, beden taýdan berk nesliň terbiýelenmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär.