7-nji maýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli uruş wetaranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň gazanylmagyna türkmen halky hem mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe watandaşlarymyz beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ýowuz duşmana berk gaýtawul bermekde, azatlygy, baky erkinligi, mukaddes topragy goramakda mertligiň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezdi. Gazaply uruş ýyllarynyň janly şaýatlary bolup, aramyzda ýaşap ýören uruş we zähmet weteranlarynyň öwüt-ündewleri ýaşlary watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent ahlak häsiýetlerinde terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Olar jemgyýetiň jebisliginiň, halkyň agzybirliginiň we bitewüliginiň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.