Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda şeýle sözler bar: «Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň». Ine, şu dürdäne jümleden görnüşi ýaly, adamlaryň durmuşynda kitabyň eýeleýän orny örän ýokarydyr. Özi-de, bu adamzadyň taryhynyň tutuş dowamynda dabaralanyp gelýän hakykatdyr. Merdana pederlerimiz hem şan-şöhrata beslenen taryhynyň ähli döwründe öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän edep-kadalaryň, pähim-paýhaslaryň üsti bilen terbiýeläpdirler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap çykanyňdan soňra, Milli Liderimiziň adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýändigiň barada aýdanlarynyň durmuşyň mizemejek hakykatydygyna kemsiz göz ýetirýärsiň. Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň çar künjeginde bir-birine ulaşdy we şol çäreleriň özi hem halkymyzyň kitaba goýýan sarpasynyň diňe tarypa mynasypdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.