Ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde dzýudo boýunça geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda talyp türgenimiz şowly çykyş etdi. Bu ýaryşda 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Rahymow bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.
20 ýaşly türgen altyn medala uzaýan ýolda mongoliýaly türgen Býambasuren Ulziibaýardan, kanadaly Žýulýen Fraskadordan, täjigistanly Mulorajab Halifaýewden, özbegistanly Bobur Wajiýewden we final tutluşygynda täjik türgeni Obid Jebowdan üstün çykdy. Serdaryň hasabynda ozal hem sebitleýin kubok ýaryşlarynda bir altyn, iki kümüş, açyk çempionatlarda bolsa iki kümüş medalyň bardygyny bellemek gerek.