Sport – bu güýjüň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere ymtylmagyň aýdyň beýanydyr. Sport bilen meşgullanmak we bedeniňe erk etmek beden saglygynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine rowaçlyk berýän Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek milli taglymata öwrüldi.
Her bir adam çagasynyň sagdyn, şähdaçyk, başarjaň, akyl taýdan ösen bolmagyny isleýär. Bu häsiýetleriň çagalarda bolmagy bize daşky gurşawa we olaryň terbiýesine baglydyr. Çaga näçe kiçi bolsa, ol şonça-da düşbi bolýar. Şonuň üçin oňa terbiýe bermäge irki çagalyk döwründen başlamalydyr.