"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Aş­ga­bat — iri sport merkezi

Şu gün gözel paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlanýar 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilýän, ýokary guramaçylygy bilen tapawutlanýan bu ýaryş sportuň şu görnüşiniň halkara senenamasynda görnükli orny eýelär. Çünki bu abraýly bäsleşigiň geografik giňişligi Merkezi Aziýadan demirgazyga – Russiýa, günbatara – Türkiýä, ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli uzady. Sportuň gyşky görnüşi boýunça geçirilendigine garamazdan, ýaryşlar apreliň hoştap günlerine özboluşly mylaýymlyk bagyşlady.

Outstanding literary work

Turkmenistan is a country known for its glorious history and rich cultural heritage that contributed to the development of world civilization. Historical events took place on the Turkmen land in the past, and great states existed here. Archaeological monuments around the country prove this fact. In different years, well-known archaeologists conducted excavations on the Turkmen soil and discovered that Turkmenistan is one of the oldest centres of human life. In the year when the ancient city of Anau was declared the cultural capital of the Turkic world, the book ‘Anau – Culture Originated from the Millennia’ by the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov gave an opportunity to realize that fact once again.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 64 öýjükli şaşka we düzzüm boýunça oglan-gyzlaryň arasynda çalasyn oýnamak (rapid) boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi TDP-niň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurady. Şaşka boýunça ýaryş aýratynlykda dört toparçada geçirildi. Netijede birinji toparçada Kerimnur Gandymow, ikinji toparçada Jeren Batyrowa, üçünji toparçada Ýakupberdi Akyýew, 4-nji toparçada Täzegül Toýmyradowa ýeňiji boldular.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Bu ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýaş türkmenistanlylar bolsa sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Watany ýürekden söýen akyldar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilini sarpalamak bilen: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip nygtaýar. Magtymguly Pyragy Watanymyzy, türkmeniň ajaýyp topragyny çyn ýürekden söýen şahyrdyr. Pyragy bu mukaddes düşünjäni oňa bolan baky ynanjy esasynda has beýiklige galdyrypdyr, şol duýgular esasynda ol özüniň ynançlaryny goşgy setirlerine siňdiripdir. Şahyryň Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky pikirleri «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gadryn näbilsin», «Gidiji bolma», «Terk eýleme bu mekany», «Gymmat ýagşydyr», « Ýetirmez hijran», «Ötgül Pyragy», «Zemine batar», «Pynhan eýlär» ýaly goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden «Arkadag» topary «Energetikden» 7:0 hasabynda üstün çykyp, toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär. Oýun gününiň esasy duşuşyklarynyň birinde «Altyn Asyr» myhmançylykda «Köpetdagy» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» «Şagadamdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Paýtagtymyzyň «Aşgabady» öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:1 hasabynda asgyn geldi. Geçirilen duşuşyklardan soň «Altyn Asyr», «Ahal», «Şagadam» hem-de «Merw» toparlarynyň hersiniň 12 utuk toplandygyny bellemek gerek.

Hokkeý muşdaklarynyň şatlygy

Şu gün gözel paýtagtymyzda tamamlanjak hokkeý boýunça halkara ýaryş sport ýurduna öwrülýän Watanymyzyň iri sport baýramçylyklaryny geçirmekdäki mümkinçiliklerini görkezdi. Ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň bu ýaryşdaky ajaýyp netijeleri bolsa ýurdumyzda sportuň buzdaky görnüşleriniň, şol sanda hokkeýiň giňden ösdürilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Taryhda şu gün

Rus­si­ýa­ly ten­nis­çi Di­na­ra Sa­fi­na Ze­nan­lar ten­nis as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (WTA) reý­tin­gin­de bi­rin­ji bas­gan­ça­ga geç­me­gi ba­şar­dy. Bu wa­ka 2009-njy ýy­lyň 20-nji ap­re­lin­de bo­lup geç­di. Şol ýyl WTA-nyň sa­na­wy­ny üçün­ji ha­tar­da baş­lan Sa­fi­na­nyň möw­sü­miň do­wa­myn­da Rim­de hem-de Mad­rid­de ge­çi­ri­len iri ýa­ryş­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ady­gan bas­ket­bol­çy Maýkl Jor­da­nyň Mil­li bas­ket­bol as­so­sia­si­ýa­syn­da go­ýan re­kor­dy hem şu gün bi­len se­ne­len­ýär.

Ýaş nesliň bagtyýarlygy

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent maksatlar, täze sepgitler nazarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň üpjün edilmegine hem aýratyn uly üns berilýär. Amala aşyrylýan beýik işlerden ruhlanyp, biz hem, ilkinji nobatda, okuwçylarymyzyň bilim-terbiýeli, maksada okgunly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada aladalanýarys. Çagalar sungat mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän çäreleri hem yzygiderli geçirip durýarys. Sebäbi saglyk, sagdynlyk haýsy ugurdan zehinlidigiňe garamazdan, hemmeler üçin ilkinji zerurlyk. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde guraýan şol çärelerimizde olary sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmeklige, sport bilen meşgullanmaklyga çagyrýarys. Çagalaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklary, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilendir. Wagyz-ündew maslahatlarynyňdyr sport çäreleriniň olaryň sporty hemişelik hemra edinmeklerinde ýokary ähmiýete eýedigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ma­sy

«Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty, me­de­ni ösü­şi hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy, ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den hem-de ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni has-da giň ge­rim bi­len jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dyr­mak ba­bat­da hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan be­ýik iş­le­ri­niň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän şan­ly baý­ram­çy­lyk­lar­da, esa­san hem, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nün­de köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek bol­sa asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ine, ge­çen ýek­şen­be gü­ni Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş hem mil­li se­ne­na­ma­myz­da my­na­syp orun alan bu se­nä­niň her ýyl uly ru­hu­be­lent­lik­de giň­den bel­le­nil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

Sylag gowşurylyş dabaralary

7-nji ap­rel­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen hä­zir­ki za­man sport des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň we beý­le­ki sport hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­la­nyl­ma­gy üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär.

Aş­ga­bat­da uly hok­keý baý­ra­my

2024-nji ýy­lyň 15 — 20-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ri­ler. Ýa­ry­şa 10 döw­let­den to­parlar gat­na­şarlar. Olar ýur­du­my­zyň «Gal­kan», Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Fe­niks», Oman Sol­tan­ly­gy­nyň «Oman Khan­jars», Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Bah­reýn», Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ak­mo­la», Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň «Gü­müş Pa­ten­ler», Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň «Dor­doý», Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň «Or­his-Ka­zan», Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ice Box» we Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň «Wo­lat» hok­keý to­par­la­ry­dyr. Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek du­şuşk­lar sport jan­kö­ýer­le­ri­ne eg­sil­mez şat­lyk paý­lar. Top­lu­myň uly buzly meý­dan­ça­syn­da «A», ki­çi buzly meý­dan­ça­syn­da bol­sa «B» to­par­ça­nyň du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Gal­kan», «Fe­niks», «Oman Khan­jars», «Bah­reýn» we «Ice Box» to­par­la­ry «A», «Ak­mo­la», «Gü­müş Pa­ten­ler», «Dor­doý», «Or­his-Ka­zan» we «Wo­lat» to­par­la­ry bol­sa «B» to­par­ça­ny eme­le ge­ti­rer.

Dünýä kubogyndaky üstünlik

11-nji aprelde Tailand Patyşalygynyň Phuket şäherinde tamamlanan agyr atletika boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler. Ýaryşa 110 döwletden 459 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiziň bu ýaryşdaky ilkinji medalyny Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň esgeri Maksat Meredow gazandy. 81 kg agram derejesinde çykyş eden Maksat kümüş medallaryň üçüsini eýelemegi başardy. Ol silterläp galdyrmakda 146 kg, itekläp götermekde 182 kg, umumylykda bolsa 328 kg agyrlyklary galdyrmagyň hötdesinden geldi.

Hereketli we sanly sport

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan ýaryşlar gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 33-sinden okuwçylar, ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplar çykyş etdiler. Netijede, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen fijital-futbol ýaryşynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orny eýeledi. Fijital-basketbol ýaryşynda «Olimp» orta sport mekdebiniň topary öňdeligi eýeledi. Fijital-stol tennisi ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň topary tapawutlandy. Fijital-karatedo ýaryşynda Allanur Ýalkabow (-52 kg), Jora Öwezmyradow (-57 kg), Garamämmet Garamämmedow (-63 kg), Amangeldi Ataýew (-70 kg), Silapberdi Orazgeldiýew (+70 kg) dagy 1-nji orunlara mynasyp boldy.

Türk­me­nis­tan – sport ýur­dy

Eziz Di­ýa­ry­myz Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de spor­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şu­nuň esa­syn­da hem, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz sport ýur­du­na öw­rül­ýär. El­bet­de, mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan sport sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir, şol döw­let­li ýö­rel­gä­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ýe­ti­len be­lent sep­git­dir. Eziz Di­ýa­ry­myz­da iň iri sport baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy di­ňe mil­li spor­tu­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň gi­re­wi bol­man, eý­sem, Wa­ta­ny­my­zyň sport ýur­dy hök­mün­de hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Sagdynlyk menzilleri

Bil­şi­miz ýa­ly, ge­çen hep­dä­niň ýek­şen­be gü­nün­de dün­ýä­niň çar kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, eziz Di­ýa­ry­myz­da hem giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler ge­çi­ri­lip, bu sport çä­re­si ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bol­dy. Şol esas­dan hem, şu ýaz­gy­myz­da we­lo­si­ped sür­me­giň ada­myň sag­ly­gy­na peý­da­sy ha­kyn­da gür­rüň et­me­gi ma­kul bil­dik. We­lo­si­ped sür­mek be­de­ni tap­lap, umu­my fi­zi­ki güý­ji we çy­dam­ly­ly­gy art­dyr­ýar. We­lo­si­ped spor­ty, esa­san-da, ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny ep-es­li azald­ýar, dem alyş ul­ga­my­ny güýç­len­di­rip, öý­ke­niň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Äh­li üs­tün­lik­le­riň sa­ka­sy

Äh­li üs­tün­lik­le­riň, ro­waç­lyk­la­ryň sa­ka­sy sag­lyk­dyr. Şol esas­dan hem, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da adam we onuň sag­ly­gy baş gym­mat­lyk hök­mün­de äh­li zat­dan ile­ri tu­tul­ýar. Hä­zir­ki za­ma­nyň iň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­la­ry Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hal­kyň hyz­ma­tyn­da. Olar­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ber­kit­mek, be­jer­mek üçin äh­li amat­lyk­lar üp­jün edi­len­dir. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän şy­pa­ha­na­lar, sport top­lum­la­ry, sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri hem äh­li et­rap-şä­her­le­ri­mi­ziň be­ze­gi­ne öw­rü­lip, olar hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň adam­la­ryň gün­de­lik dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne öw­rül­mek­le­ri üçin dün­ýä nus­ga­lyk şert-müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gem buý­sanç bi­len bel­le­nil­me­li ha­ky­kat­dyr. Ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, spor­ty wa­gyz et­mek bo­ýun­ça dür­li çä­re­ler hem asyl­ly dä­be öw­rü­lip, olar­da ýa­şy­na, kä­ri­ne ga­ra­maz

Şow­ly çy­kyş­lar

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «He­re­ket­li we san­ly sport – sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­da or­ta sport mek­de­bi­mi­ziň to­pa­ry hem üs­tün­lik­li çy­kyş et­di. Ýaş tür­gen­le­ri­miz fi­ji­tal bas­ket­bol bo­ýun­ça 1-nji or­na my­na­syp bol­du­lar. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da gu­ra­lan bu ýa­ryş­lar ýaş­la­ra ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Bagtyýarlygyň binýady

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşdyrylmagy barada edilýän işleriň özboluşly beýanyna öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýöriş hem-de aýdym-sazly dabaralar diýseň ýatda galyjy boldy. Bu çärelere ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar.

Bedenterbiýe we sport

2011-nji ýyl­da dog­lan we on­dan uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ten­nis bo­ýun­ça açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Gy­zyk­ly ge­çen ýa­ryş­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 10-njy sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri şow­ly çy­kyş et­di­ler. Se­lim Ça­gy­low, Re­sul Kur­ba­now, Ata­my­rat Ma­ry­ýew, Aý­lar Ka­ka­ba­ýe­wa da­gy baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy. Ýe­ňi­ji­ler Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Bi­ze zäh­met çek­mä­ge, ze­hin­li ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!