Sylag gowşurylyş dabaralary

12 Aprel 2024
223

7-nji ap­rel­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, al­tyn me­dal­la­ry ga­za­nan tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­by gow­şu­ryl­dy.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri üçin ni­ýet­le­nen hä­zir­ki za­man sport des­ga­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy, tür­gen­le­riň, tä­lim­çi­le­riň we beý­le­ki sport hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­la­nyl­ma­gy üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär.

«Türk­men spor­ty».