"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Taryhda şu gün

2003-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­de Lon­don şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ma­ra­fon bäs­le­şi­gin­de çy­kyş eden ýer­li ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Po­la Redk­lif ze­nan ma­ra­fon­çy­la­ryň ara­syn­da dün­ýä re­kor­dy­ny goý­ma­gy ba­şar­dy. 42 ki­lo­metr 195 metr ara­ly­gy geç­mek üçin P.Redk­lif­fiň 2 sa­gat 15 mi­nut 25 se­kunt sarp eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ma­ra­fon­çy ze­nan dört ge­zek (1996, 2000, 2004, 2008) to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­sa-da, baý­rak­ly or­na dü­şüp bil­me­di. 2005-nji ýyl­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da uzak ara­ly­ga yl­ga­mak gör­nü­şin­de al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan ang­li­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Lon­don (2002, 2003, 2005) hem-de Nýu-Ýork (2004, 2007, 2008) ma­ra­fon­la­ryn­da 3 ge­zek­den ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­my

Eziz Wa­ta­ny­myz­da ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn ös­mek­le­ri, bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry üçin giň şert­ler dö­re­di­len­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, de­giş­li sa­gal­dyş-di­kel­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň hu­kuk hem dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, ýaş­lar­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mil­li stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da aý­ra­tyn he­ma­ýa­ta, gol­da­wa mä­täç ça­ga­la­ry dur­mu­şa uý­gun­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len gu­ra­ma­çy­lyk, ka­nun­çy­lyk-hu­kuk, yk­dy­sa­dy çä­re­le­riň top­lu­my­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­dir­ýän ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­ne yzy­gi­der­li gol­daw ber­ýär.

Sport mekdeplerinde

Ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gyn­da uly ta­gal­la ed­ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary bu tapgyrda paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» Mary şäheriniň «Energetiginden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. «Altyn Asyr» «Aşgabat» toparyny ýeňen bolsa (2:0), Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda «Ahal» «Nebitçiden» 1:0 hasabynda rüstem geldi. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň

Gyzykly bäsleşikler

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Gökje» sport desgasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaş türgenleriň çykyşlarynda, hereketlerinde milli sportumyzyň gelejeginiň diňe ýeňişlere hem-de ajaýyp netijelere beslenjekdigi öz beýanyny tapdy. Bäsleşikleriň bütin dowamynda ýurdumyzda sportuň ösmeginde, onuň halkara derejesinde dabaralanmagynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

At üstündäki oýunlar

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzda milli at üstündäki oýunlar hem gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Häzirki döwürde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem uçar ganatymyz bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça ýurtlarynda geçirilen abraýly festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň ajaýyplyklaryny görkezýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Italiýanyň Latyna, Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherlerinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolmagy hem türkmen bedewiniň dünýädäki at-abraýyny beýgeltdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň ösdürilmegi nusgalyk gözelligi özünde jemlän milli gymmatlygymyzyň abraýyny has-da artdyrar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilen sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bolsa sport mümkinçilikleri bilen göreni haýrana goýýar. Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi beden taýdan berk ýaş nesliň terbiýelenmegi, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanlylaryň sport bilen meşgullanmagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Çekeleşikli tutluşyklar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp 2011-2012, 2013-2014, 2015 – 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň dzýudo boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Şeýlelikde, 2011-2012-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Amansähet Döwletsähedow, Perhat Nurgeldiýew, Mergen Nazarow, Daňatar Daňatarow, Ysmail Penaýew, Muhammet Töräýew, Jeýhun Kullaýew, Annaguly Çaryýew, Mälik Berdiýew, Yslammuhammet Annadurdyýew dagy tapawutlandy.

Ýaş türgenler çagalar awtoşäherçesinde

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmen sporty» gazetiniň, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Olimp» orta sport mekdebiniň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündiriş çäreleri we sport bäsleşikleri geçirildi. Gyzgalaňly ýaryşlary özünde jemlän çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Bu sport dabarasy okuwçylaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmagyna, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlandy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!

Gymmatly gollanma

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýokary derejede geçirilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigini belleýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitapda ylmyň gazananlaryna esaslanýan ygtybarly garaýyşlar beýan edilipdir. Ajaýyp kitapda Änew medeniýeti bilen bagly ylmy garaýyşlar taryhy nukdaýnazardan doly subut edilip, ylmy deliller bilen berkidilipdir.

Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2023-nji ýylda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Baý many-mazmunly bu kitap geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi, her birimiziň işimiz üçin gymmatly gollanma boldy.

Abraýly ýaryşyň bosagasynda

Ata Watanymyzyň ýene bir abraýly halkara ýaryşy kabul eder. 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary wekilçilik eder. Biz golaýda bu toparyň «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçiren türgenleşigine gatnaşyp, halkara ýaryşa görülýän taýýarlyga ýakyndan şaýat bolduk. Tälimçi Ilýas Weliýewiň belleýşi ýaly, türkmen hokkeýçileri 10 – 16-njy mart aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň «A» toparynyň üçünji diwizionynyň duşuşyklaryna gatnaşdylar. Esasyny «Galkanyň» oýunçylary düzýän milli ýygyndymyz bu ýerde ýer eýeleriniň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň we GAR-yň toparlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu barada toparymyzyň kapitany Ahmet Gurbanow şeýle gürrüň berdi:

Bagtyýarlygyň binýady

Halkymyzyň saglygy baradaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köp asyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Däbe öwrülen dabaralar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny pugtalandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek, sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ýaýbaňlandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde dünýäniň çar künjeginde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň dowamynda bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu umumadamzat ähmiýetli senäniň taryhy hakynda gürrüň edenimizde, 1950-nji ýyldan başlap her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi bellemek hakyndaky karar 1948-nji ýylda kabul edilýär. Bu baýramyň eziz Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna, täze röwüşe eýe bolýandygy, Bütindünýä saglyk gününiň döwlet derejesindäki uly dabaralara beslenýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Bu senä aýratyn uly ähmiýet berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda adamlaryň saglygyny goramagyň, sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň täze derejelere çykmagynyň baş şertini emele getirýär.

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Ähmiýetli çäreleriň giň toplumy Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr beýleki çäreler dabaralaryň şowhunyny artdyrdy. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Mekdebiň çäginde amala aşyrylan welosipedli ýörişler sport çäreleriniň toplumynyň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Okuwçylarymyz bu ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Göreş bäsleşikleri iň güýçli pälwanlary ýüze çykardy.

Saglyk. Sagdynlyk. Rowaçlyk

Saglyk bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydyr, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gözel tebigatly Saglyk ýolundan ýöräp geçmek, açyk howada welosipedli gezelenç etmek, boş wagtlaryňy sport meýdançalarynda geçirmek soňky ýyllarda ýaşlar üçin asylly ýörelgä öwrüldi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň beden we ylym-bilim kämilligini kemala getirmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport we bilim ulgamlary uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Türkmenistan ylym-bilimi, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde hem-de uzak möhletleýin döwürde ösdürmäge gönükdirilen beýik işleri alyp barmak bilen, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk – abatlyk» diýen bölüminde «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadadyr» diýip jaýdar belläp geçýär. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynda baý medeniýetini, asylly ahlak sypatlaryny, durşy bilen edep-ekrama ýugrulan däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini kemala getiripdir.

Futbol täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Esasy duşuşykda Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary «Ahaly» uly hasap bilen (4:1) ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 12 utuk toplan «Arkadag» topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Aşgabat» toparyny kabul eden «Şagadam» çempionatdaky 2-nji ýeňşini gazanyp (1:0), ýaryş tertibinde eýeleýän dördünji ornunda galdy. 7 utuk toplan «Aşgabat» üçünji orny eýelemegini dowam edýär. Paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Meşhur pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Garagum sährasynyň Göbekli obasynda çarwa maşgalasynda dünýä inip, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan, ençeme toýlary baglan Gul ogly Momma pälwan (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) şeýle gürrüň berýär: «1979-njy ýylda, Derweze şäherçesiniň ýanyndaky Goşatakyr obasynda bolan toýda nesibämiz çekip, Muhammetberdi bilen duşuşdyk. Toý eýesi uly dört jübütlige girýän pälwanlara dört ogşugy baýrak goýdy. Gökdepe sebitinden bagajadan Muhammetberdi teleke pälwan, körsagyrdan Bäşim pälwan, Ahal geňeşliginden Gurbangeldi pälwan, Tümen-Çyrladan bolsa Gul Hojrap pälwan dagy orta çykdy. Olaryň garşysyna Garagum sährasynyň Goşalaň guýusyndan Berdi aç, Portdan Çopan işan pälwan, Mämmetýardan Berdi Welleň pälwan, Göbekliden bolsa men çykdym. Baýraga goýlan ogşuklaryň ikisine Muhammetberdi teleke pälwan Berdi Welleň pälwany, Bäşim pälwan bolsa Aman ajy ýeňip mynasyp boldular. Çopan işan pälwan Gul Hojrap pälwany, men bolsa Gurbangeldi pälwany ýeňip, iki ogşugy biz aldyk. Muhammetberdi ägirt gara güýjüň eýesi bolmak bilen, mümkinçilige görä çepine göterip urmaga ussatdy...».