Bagtyýarlygyň binýady

6 Aprel 2024
218

Halkymyzyň saglygy baradaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köp asyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Arazbibi NAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby meýdan terapiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk gullugynyň maýory.