Beýik akyldar hem alym

17 Maý 2024
608

Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sina ady adamzadyň taryhynda ebedilik galan ägirt şahsyýetdir. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Muňa Gündogaryň bu meşhur akyldarynyň we lukmançylygyň täze, has baý eýýamyny esaslandyran beýik ynsanyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň hemişe öwrenilendigi, öwrenilýändigi, adynyň müň ýyldan gowrak wagtdan bäri hem adamzadyň dilinden düşmän gelýändigi-de doly şaýatlyk edýär» diýen sözleri-de aňryýany bilen tassyklaýar.

Abu Aly ibn Sina diňe bir lukmançylykda däl-de, dürli ugurlarda ägirt uly miras galdyrypdyr. Dünýäniň köp ýerinde, esasan hem, Ýewropada Awisenna ady bilen tanalýan akyldaryň 29 ugur boýunça 450 iş ýazandygy barada maglumatlar bar. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Bejeriş hakynda kitap» ýaly eserlerinden, keselleriň öňüni almak, bejermek, dermanlyk ösümlikleriň peýdasy baradaky pikirlerinden ençeme asyrlar bäri netijeli peýdalanylyp gelinýär.

Gülhanym KAKABAÝEWA,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.