Döwlet derejesindäki aladanyň aýdyň nyşany

3 Maý 2024
173

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy aprelde Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary ýurdumyzda atçylyk pudagyny hem-de türkmen sportuny, şol sanda futboly ösdürmekligiň elmydama döwlet derejesinde üns merkezinde durýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp şäherdäki döwrebap ahalteke atçylyk athanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de köpugurly stadionda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhman bilen geçiren duşuşygynda ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler barada pikir alşyldy.

«Türkmen sporty».