Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şol ýaryşlarda öz ildeşiňi göreniňde, sport oýnunyň haýsy görnüşidigine garamazdan, başyndan ahyryna çenli tomaşa edip, netijä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň.
Ýeňiş münberlerinde türkmen türgenlerini, olara medal gowşurylýanyny, Döwlet senamyzyň astynda ýaşyl Tugumyzyň belende galyp barýanyny göreniňde öz ýanyňdaň, «Berekella» diýýärsiň. Ine, şeýle türgenleriň biri hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň beden taýýarlygy kafedrasynyň mugallymy Nurberdihan Orazmämmedowdyr. Ol ýakynda ýurdumyzda geçirilen sambo boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 90+ kg agram derejesinde ýurdumyzyň çempiony boldy.