Türkmeniň uçar ganaty

3 Maý 2024
177

Ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty, syrdaşy, kyn gününde wepaly ýoldaşy hasaplanyp gelýär. Türkmen halky taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenlerini haýran galdyrýan milli atşynaslyk medeniýetini gymmatly baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başarypdyr.

Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy mekanynyň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda, Türkmenistandygyny tassyklaýar. Türkmen bedewleri gadymy çeşmelerde «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip sypatlandyrylýar. Bularyň ählisi milli seýisçilik sungatynyň gelip çykyşynyň, taryhy ösüş ýolunyň örän gyzyklydygyny tassyklamak bilen, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewleriniň şöhratyny äleme ýaýýar.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.