"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Täsin dünýäniň bosagasynda

«Dünýä edebiýaty» žurnaly türkmen edebiýatynda terjimeçi ýaşlaryň täze tapgyrynyň kemala gelmegi hem-de ýaşlaryň terjimeçilik dünýäsinde öz ukybyny synap görmekleri üçin giň mümkinçilikdir. Üstesine, bu usul ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplaryna nazaryýetde alan bilimlerini tejribe arkaly berkitmeklerine hem ýakyndan goldaw berýär. Žurnalymyzyň her sanynda ussat terjimeçileriň taýýarlan eserleri bilen birlikde, bu täsin dünýä başlangyç ädimlerini atan ýaşlaryň, talyplaryň ilkinji synanyşyklaryna hem orun berilýär. Žurnalymyzyň bu sanynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň terjimeçilik sungatyndaky ilkinji synanyşyklary bilen ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

Biotehnologiýalar — geljegi uly ugur

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda hem-de ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem bu ugurda döwrüň talabyna laýyk işler alnyp barylýar. Uniwersitetde biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Gözellik biotehnologiýasy, Genetika we biotehnologiýa, Ekologik biotehnologiýa ýaly, birnäçe ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär. Olar fakultetleriň ähli ugurlarynda okaýan talyplara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, amaly we tejribe taýdan hilini ýokarlandyrmaga, bu ugurdan okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, nanotehnologiýalar bilen bir hatarda biotehnologiýalar hem uly orun eýeleýär. Topragyň ekologik ýagdaýy, suw bilen üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy ýaly, adamzat bähbitli meseleler hemişe döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen köli, sebitiň biologik dürlüligi, ekologik ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde ony özleşdirmegiň, ösdürmegiň ýollary bilen içgin gyzyklanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, bu meseleleri maksadalaýyk çözmekde biologiýa, biotehnologiýa, genetika, bioinženerçilik, ekologi

Kämillik mekdebiniň açary

Terjimeçilik sungatynyň islendik ugrunyň özboluşly aýratynlygy, ýeňil bolmadyk zähmeti bar. Olaryň haýsy biri hakynda söhbet edilende-de, biri-birinden gyzykly, özüne çekiji, täsirli. Muňa durmuş hem zähmet tejribesi ýetik halypalary diňläniňde has-da göz ýetirip bolýar. Arada dramaturg, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» Hudaýberdi Bäşimowa jaň etdim. Halypa ýazyja kino terjimeçiliginiň inçe syrlary hakynda gyzyklanýandygymy, «Dünýä edebiýaty» žurnalyna bu barada makala ýazmak niýetimiň bardygyny aýtdym. Kiçigöwünli, sala salsaň bilýänini ýürek goýup öwredýän halypa ýazyjy biraz pikirlendi-de, işiniň köpdügini düşündirip: «Özüň ýazsaň, jaň üsti bilen ýadyma düşenlerini gürrüň bereýin» diýdi. Ol ilki bilen ussat terjimeçileriň ýekän-ýekän atlaryny tutup, olaryň haýsy biriniň häzir aýatda bardygy hakynda oýlandy. Birdenem:

Bilimli nesil — geljege şamçyrag

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek hem-de dünýä derejesine çykarmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyk saklanyp, maksatnamalaýyn işleriň birnäçesi alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşarky syýasaty netijesinde Diýarymyz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýaş nesliniň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýär. Watanymyzda ähli ulgamlary, aýratynam, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr.

Oňyn işler — kämillige badalga

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent we zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem doly şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaş nesilleri ylymly, bilimli, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň strategik ugrudyr. Bu babatda milli Liderimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy, ylmy-tehniki ösüşe çalt uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilelikde hereket etmek bilen

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris. Ýaşlara zamanabap bilim-terbiýe bermek, olaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Welaýatymyzda binagärlik babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirkizaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Çaga gündelik özleşdirýän bilim we terbiýeçilik maglumatlarynyň maşgala agzalary tarapyndan gyzyklanma bilen çemeleşýändigini duýup durmalydyr. Şonda çaganyň gündelik özleşdirýän bilim-terbiýeçilik maglumatlary bilen öýde öwrenýän maglumatlarynyň many-mazmun babatda biri-birine gabat gelmegi gazanylmalydyr. Maşgala bilen mekdebiň arasynda şunuň ýaly sazlaşykly bilim-terbiýeçilik gurşawynyň döredilmegi çaganyň zehininiň, ukybynyň, başarnygynyň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý çaganyň mekdepde öwredilýän bilim maglumatlaryny özbaşdak giňeltmek, çuňlaşdyrmak babatda dogry ýola düşmegine we soňy bilen ylym ýoluna düşmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň geljegi onuň ýaş nesli bilen baglanyşy

Ýurduň beýik geljegi

Ýaş nesil döwlet derejesinde aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa bilim ulgamynda öňe sürülýän täzeçillikleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmagynda umumy okuw sapagyny geçmegi ýaş nesil, galyberse-de, ähli halkymyz üçin görelde mekdebi boldy. Şol okuw sapagynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz: «Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýen parasatly jümleleri belläp geçdi.

Döwre mynasyp nesil

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzda şanly wakalaryň gerimi barha giňeýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýaşlara okuw sapagyny geçmegi şeýle wakalaryň biri boldy. Bu taryhy waka ylym-bilime we terbiýä döwletimizi hem-de jemgyýetimizi ösdürmegiň esasy binýady hökmünde garalýandygyny görkezdi. Milli Liderimiziň bu okuw sapagy ýaşlaryň kalbynda at-abraýy dünýä dolan Watanymyza bolan beýik söýgini pugtalandyrdy.

Buýsanja beslenýän beýik işler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olary tamamlan ýaş hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilýän giň möçberli şertler halk hojalygynyň ähli ugurlarynda işleriň örän çalt depginlerde öňe ilerlemegine ýardam edýär. Şunda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, okatmagyň täze tehnologiýalar arkaly baýlaşdyrylmagy, usulyýetiň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamyna geçilmegi we täze okuw merkezleriniň açylmagy bilen, gysga döwrüň içinde, gazanylan üstünlikler biz — ýaşlar üçin aýratyn buýsandyryjydyr. Biz — ýaşlar hormatly Arkadagymyzyň okamak, öwrenmek üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden we şertlerinden peýdalanyp, barha kämilleşýän bilim ulgamynda bilimimizi çuňňur özleşdirmäge çalyşýarys. Hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen çuň parasatly sözleri ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde baş ýörelge bolup durýar. Şunda sanly ulgam, ylym, täze tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýet ýurdumyzyň beýik ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Iň täze maglumat we kompýuter tehnologiýalaryny, interaktiw usuly hem-d

Bilimli ýaşlar — ýurduň kuwwaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ähmiýetine uly üns berilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýan ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň netijesinde dünýä ylmynda oýlanyp tapylan tehnologiýalar, edilýän açyşlar, öňdebaryjy tejribeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda giňişleýin ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne deňelýän ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar, şonuň netijesinde Diýarymyzyň ylmy-tehniki kuwwaty has-da kämilleşýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli okatmak, terbiýelemek, olary Watana gerekli, geljekde ýurdy dolandyrjak, ösdürjek adamlar edip ýetişdirmek döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Çünki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, watansöýüji, saýlap alan hünärini ýüregi bilen söýýän ýaşlar beýik ösüşleriň binýadyny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň dünýä ülňülerine gabat gelýän okuw-tehniki enjamlary, kitaplar, gollanmalar, tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine ul

Ezberleriň ussatlygy

Ýakynda podpolkownik Batyr Şamyradowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini taýýarlamagyň meýilnamasyna laýyklykda ýörite maksatly we goşun aňtaw toparlary bilen guwwasçylyk taýýarlygy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda harby gullukçylaryň suwuň ýüzünde we aşagynda ýörite guwwas egin-eşiginde harby hereketleri erjellik bilen ýerine ýetirmekleri, şahsy ýaraglaryna ussatlyk bilen erk etmekleri we ýörite wezipeleri ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly hereketlerine aýratyn üns berildi. Täsirli geçirilen bu sapaklar harby gullukçylaryň watansöýüjiligini, merdanalygyny has hem artdyrdy.

Mekdep — mukaddes mekan

Iki gatly, ak mermerli mekdebe barýan çagajyklaryň ýüzündäki şatlyk, buýsanç edil 1-nji sentýabr günündäki ýaly. Olar mugallymlardan bilimler dünýäsiniň täze-täze syrlaryny öwrenmäge, öwrenenlerini gürrüň berip, 5-likleriň hataryny artdyrmaga, dürli gurnaklara gatnaşyp, hünär endiklerini ele almaga, sport, aýdym-saz ukyplaryny ösdürmäge tarap batly gadam urýarlar. Olara Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren täze mekdebi — Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi gujak açyp garaşýar. Juma USSAÝEW, il sylagly ýaşuly, halypa mugallym:

Bilim — binýat

Maşgalanyň körpesi Aýjan kiçiliginden gimnastika, tans etmek bilen meşgullanmaga başlady. Ol sport bilen has içgin gyzyklandy. Şonuň üçin ene-atasy ony sport mekdebine gatnadyp başlady. Ökde tälimçilerden gimnastika ugrunyň tälimini alan Aýjan bu ugur boýunça has-da kämilleşip ugrady. Şeýle hem bolsa, mekdep, okuw dersleri, tirkeşip geçýän aý-ýyllar Aýjany tebigy ugurly derslere — geografiýa, tebigaty öwreniş, biologiýa, himiýa derslerine höweslendirdi. Göreldeli okaýan gyzjagaz ylma imrindi. Hossarlary, aýratyn-da kakasy, geografiýa dünýäsine ädimme-ädim aralaşmagy üçin kitap, gazet-žurnal we internet maglumatlaryny tapyp, deňeşdirip öwrenmäge we dersleri has çuň özleşdirmäge yzygiderli ýardam etdi. Mugallymlary bilen goşmaça sapak geçmegi, gurnaklara gatnamagy maslahat berdi. Ata pendi ýerine-de düşdi. Aýjan ýurdumyzda geçirilýän ders we taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiklerine gatnaşyp başlady. 6-njy synpda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň geografiýa dersi boýunça taslama bäsleşigine gatnaşyp, onuň döwlet tapgyrynda 2-nji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy bilen sylaglanan Aýjanyň ýerine ýetiren ylmy temasy özüneçekijidi: «Garaçagyl mineral çeşmesiniň suwunyň häsiýetnamasy we onuň ilatyň saglygyny dikeltmekdäki hem-de syýahatçylygy ösdürmekdäki ekologik ähmiýeti». Bu taslamanyň beýan

Ýaşlar Watanymyzyň guwanjydyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu şanly ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada giňişleýin beýan etdi. Çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Terbiýe işinde milli mazmun

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmeginde we durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar, gymmatly kitaplar bilen bir hatarda milli terbiýe esasy orun eýeleýär. Halkymyz öz döredijiligini, durmuş ýörelgesini, medeniýetini bilimiň üsti bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynyň «Iň gymmatly miras» atly bölüminde ajaýyp rowaýat beýan edilýär. Onda ir zamanlar bir adamyň dananyň ýanyna maslahata baryp, ähli baýlygynyň bardygyny, okandygyny, her dürli tälimleri, hünärleri öwrenendigini, ummasyz köp baýlyk toplandygyny, garaz, göwnünde arman galar ýaly bolmandygyny we özünden soňky nesillere iň gymmatly baýlygyny miras galdyrmak isleýändigini aýdýar. Ol danadan özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigi barada maslahat soraýar. Şonda dana oňa: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýip jogap beripdir.

Matematikadan amallary dogry işlemegi öwretmek

Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä ylmynda döredilen iň täze tehnikalar, tehnologiýalar, dürli enjamlar önümçilige, ylym, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmalydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, başlangyç synpda tehnologiýalardan döredijilikli peýdalanyp, sapaklarymyzy has täsirli guramak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Munuň özi ýaş nesle kämil bilim we edep-terbiýe bermegiň ähli başlangyçlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, orta mekdeplerde berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Tehnologiýalardan peýdalanyp, sapaklary guramagyň hemişe oňat netije berýändigini tejribeli mugallymlar aýdýarlar. Munuň şeýledigine öz iş tejribämde hem oňat göz ýetirýärin.

Bilim bermegiň interaktiw usuly

Ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni yzygider ösdürmegiň aý­dyň ýol­la­ry­ny sal­gy ber­ýär. Bu res­mi­na­ma­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, döw­re­bap ylym­lar­dan baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da okat­ma­gyň, bi­lim ber­me­giň has tä­ze, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän usul­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­ly­gy aý­dyl­ýar. Bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da okat­ma­gyň in­te­rak­tiw — öza­ra içer­ki iş­jeň­lik usu­ly­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da ýaş nes­liň dün­ýä­ga­raý­şy­ny, pi­kir­len­mek ukyp­la­ry­ny, me­se­le çöz­mek ba­şar­nyk­la­ry­ny, baş­ga­la­ryň pi­kir­le­ri bo­ýun­ça özü­ňe ba­ha be­rip bil­mek en­dik­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­ýär. Bu usul ýaş nes­liň örän çalt dep­gin­ler­de ös­ýän we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň kä­mil­leş­ýän dün­ýä­sin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýän­dik­le­ri­ne hem-de bu ösüş­le­re gö­nü­den-gö­ni gat­na­şyk­da bol­ýan­dyk­la­ry­na dü­şün­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär.

Körpeleriň işjeňligini artdyrmak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim bermek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň bilim edaralary, çagalar baglary, mekdepler has-da döwrebaplaşdyrylýar, iň kämil kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillere ene dilimiz, şeýle hem daşary ýurt dilleri öwredilýär. Şonuň üçinem ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdeplerinde dilleri has çuňňur öwretmäge uly ähmiýet berilýär.

Belent üstünlikleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem körpe neslimize we ýaşlara häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda terbiýe, ylym-bilim bermek, bilimiň derejelerini has-da kämilleşdirip, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmek bolup durýar. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösen tehnologik okuw enjamlary, kompýuterler, interaktiw we multimedia serişdeleri bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglary we orta mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Bilimler we talyp ýaşlar güni diýlip bellenip geçilýän günlerinde ýurdumyzda orta mekdepleriň dabaraly ýagdaýlarda açylmagy mukaddes Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň

Ne­sil ter­bi­ýe­si mu­kad­des­dir

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym-bi­lim ul­gam­la­ry­ny yzy­gi­der ös­dür­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Hä­zir­ki döw­re çen­li ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim, asyl­ly ter­bi­ýe ber­mek işin­de baý tej­ri­be top­la­nyl­dy. Şo­nuň üçin hem jem­gy­ýe­ti­miz sag­dyn, ýaş­la­ry­myz kä­mil ylym-bi­lim­li di­ýip aý­ra­tyn bel­läp bolar. Sag­dyn jem­gy­ýe­tiň esa­sy­ny, el­bet­de, ru­hy we ah­lak gym­mat­lyk­la­ry özün­de jem­le­me­gi ba­şar­ýan kä­mil şah­sy­ýet­ler, ýag­ny ýurt ra­ýat­la­ry düz­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Türk­me­nis­ta­nyň gül­läp ösü­şi, dur­mu­şy­my­zyň mun­dan beý­läk hem gö­zel­leş­me­gi bi­lim­li, ylym­ly, ukyp­ly ýaş ne­sil­le­re bag­ly­dyr» di­ýip, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň yl­ma, bi­li­me bag­ly­dy­gy ba­ra­da anyk kes­git­le­me ber­mek bi­len, şu mö­hüm işi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň iň bir ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­ýär. Tu­ruw­baş­dan ýur­duň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, bu ba­bat­da dün­ýä­niň ga­za­nan iň kä­mil usul­la­ry­ny dur­mu­şa giň­den or­naş­dyr­mak bi­len bag­lan­yşyk­ly mö­hüm res­mi­na­ma­lar we wa­jyp mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­di. Şeý­le­lik­de, dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan döw­re­bap usul­la­ry, şo­nuň bi­len hem bir­lik­de hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­tin­den göz­baş al­ýan ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek ba­bat­da ama­la aş