Biotehnologiýalar — geljegi uly ugur

20 Oktýabr 2021
1101

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda hem-de ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem bu ugurda döwrüň talabyna laýyk işler alnyp barylýar. Uniwersitetde biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Gözellik biotehnologiýasy, Genetika we biotehnologiýa, Ekologik biotehnologiýa ýaly, birnäçe ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär. Olar fakultetleriň ähli ugurlarynda okaýan talyplara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, amaly we tejribe taýdan hilini ýokarlandyrmaga, bu ugurdan okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, nanotehnologiýalar bilen bir hatarda biotehnologiýalar hem uly orun eýeleýär. Topragyň ekologik ýagdaýy, suw bilen üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy ýaly, adamzat bähbitli meseleler hemişe döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen köli, sebitiň biologik dürlüligi, ekologik ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde ony özleşdirmegiň, ösdürmegiň ýollary bilen içgin gyzyklanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, bu meseleleri maksadalaýyk çözmekde biologiýa, biotehnologiýa, genetika, bioinženerçilik, ekologik tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler, alymlar, şeýle-de täze tehnologiýalar we innowasiýalar zerur bolup durýar. Şu jähetden ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga, olaryň önümçilik bilen arabaglanyşygyny berkitmäge, hünärmenleriň bilimini we başarnygyny hilini ýokarlandyrmaga, adam kapitalyny we bilimleriň ykdysadyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär.

Altyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.