Matematikadan amallary dogry işlemegi öwretmek

19 Oktýabr 2021
1072

Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä ylmynda döredilen iň täze tehnikalar, tehnologiýalar, dürli enjamlar önümçilige, ylym, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmalydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, başlangyç synpda tehnologiýalardan döredijilikli peýdalanyp, sapaklarymyzy has täsirli guramak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Munuň özi ýaş nesle kämil bilim we edep-terbiýe bermegiň ähli başlangyçlaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, orta mekdeplerde berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Tehnologiýalardan peýdalanyp, sapaklary guramagyň hemişe oňat netije berýändigini tejribeli mugallymlar aýdýarlar. Munuň şeýledigine öz iş tejribämde hem oňat göz ýetirýärin.

Şirinjemal ÝEGELEKOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy.