Bilimli ýaşlar — ýurduň kuwwaty

20 Oktýabr 2021
793

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ähmiýetine uly üns berilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýan ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir güni üstünliklere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň netijesinde dünýä ylmynda oýlanyp tapylan tehnologiýalar, edilýän açyşlar, öňdebaryjy tejribeler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda giňişleýin ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne deňelýän ylym-bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar, şonuň netijesinde Diýarymyzyň ylmy-tehniki kuwwaty has-da kämilleşýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesli okatmak, terbiýelemek, olary Watana gerekli, geljekde ýurdy dolandyrjak, ösdürjek adamlar edip ýetişdirmek döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Çünki ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, watansöýüji, saýlap alan hünärini ýüregi bilen söýýän ýaşlar beýik ösüşleriň binýadyny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň dünýä ülňülerine gabat gelýän okuw-tehniki enjamlary, kitaplar, gollanmalar, tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär.

Serdar BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.