Täsin dünýäniň bosagasynda

21 Oktýabr 2021
1223

«Dünýä edebiýaty» žurnaly türkmen edebiýatynda terjimeçi ýaşlaryň täze tapgyrynyň kemala gelmegi hem-de ýaşlaryň terjimeçilik dünýäsinde öz ukybyny synap görmekleri üçin giň mümkinçilikdir. Üstesine, bu usul ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplaryna nazaryýetde alan bilimlerini tejribe arkaly berkitmeklerine hem ýakyndan goldaw berýär.

Žurnalymyzyň her sanynda ussat terjimeçileriň taýýarlan eserleri bilen birlikde, bu täsin dünýä başlangyç ädimlerini atan ýaşlaryň, talyplaryň ilkinji synanyşyklaryna hem orun berilýär. Žurnalymyzyň bu sanynda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň terjimeçilik sungatyndaky ilkinji synanyşyklary bilen ýakyndan tanşyp bilersiňiz.