Terbiýe işinde milli mazmun

19 Oktýabr 2021
798

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmeginde we durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar, gymmatly kitaplar bilen bir hatarda milli terbiýe esasy orun eýeleýär. Halkymyz öz döredijiligini, durmuş ýörelgesini, medeniýetini bilimiň üsti bilen nesilden-nesle geçirip gelipdir. Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynyň «Iň gymmatly miras» atly bölüminde ajaýyp rowaýat beýan edilýär. Onda ir zamanlar bir adamyň dananyň ýanyna maslahata baryp, ähli baýlygynyň bardygyny, okandygyny, her dürli tälimleri, hünärleri öwrenendigini, ummasyz köp baýlyk toplandygyny, garaz, göwnünde arman galar ýaly bolmandygyny we özünden soňky nesillere iň gymmatly baýlygyny miras galdyrmak isleýändigini aýdýar. Ol danadan özüniň näçe hazyna, mal-mülk we başga-da nämeleri miras galdyrsa, islegini doly amal edip biljekdigi barada maslahat soraýar. Şonda dana oňa: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýededir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň bahasy ýokdur» diýip jogap beripdir.

Gyzylgül MEZILOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.