Kämillik mekdebiniň açary

20 Oktýabr 2021
1216

Terjimeçilik sungatynyň islendik ugrunyň özboluşly aýratynlygy, ýeňil bolmadyk zähmeti bar. Olaryň haýsy biri hakynda söhbet edilende-de, biri-birinden gyzykly, özüne çekiji, täsirli. Muňa durmuş hem zähmet tejribesi ýetik halypalary diňläniňde has-da göz ýetirip bolýar.

Arada dramaturg, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» Hudaýberdi Bäşimowa jaň etdim. Halypa ýazyja kino terjimeçiliginiň inçe syrlary hakynda gyzyklanýandygymy, «Dünýä edebiýaty» žurnalyna bu barada makala ýazmak niýetimiň bardygyny aýtdym. Kiçigöwünli, sala salsaň bilýänini ýürek goýup öwredýän halypa ýazyjy biraz pikirlendi-de, işiniň köpdügini düşündirip: «Özüň ýazsaň, jaň üsti bilen ýadyma düşenlerini gürrüň bereýin» diýdi. Ol ilki bilen ussat terjimeçileriň ýekän-ýekän atlaryny tutup, olaryň haýsy biriniň häzir aýatda bardygy hakynda oýlandy. Birdenem:

Akgül SAPAROWA