Oňyn işler — kämillige badalga

20 Oktýabr 2021
925

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent we zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem doly şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýaş nesilleri ylymly, bilimli, ussat hünärmenler edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň strategik ugrudyr. Bu babatda milli Liderimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy, ylmy-tehniki ösüşe çalt uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.